Apple we Samsung kemsidiji mahabatlary üçin Xiaomi-ni kazyýete bermek isleýär

  • 01.09.2025 16:52
  • 5.7k+

Apple we Samsung Hytaýyň Xiaomi kompaniýasyna nägilelik bilen ýüz tutdy. Olar Hindistanda brendleriň önümlerini Xiaomi-niň gurluşlary bilen gönüden-göni deňeşdirýän mahabat kampaniýasyny bes etmegi talap etdi.


Xiaomi-niň mahabat kampaniýasy tutuş ýurt boýunça hem çap, hem sanly medialary gurşap aldy. The Economic Times gazetiniň birinji sahypasynda Apple-iň “Başgaça pikirlen” şygaryna salgylanýan “Think different? Think again” (“Üýtgeşikdir öýdýärmiň? Ýene bir pikirlen”) sözbaşysy bilen Xiaomi Pad 7 planşetini Apple-iň iPad Pro-sy bilen gönüden-göni deňeşdirýän mahabat ýerleşdirildi.
Sosial ulgamlarda iPhone 16 Pro Max-yň kamerasyny Xiaomi 15 Ultra-nyň kamerasy bilen deňeşdirýän bannerler ýaýradylýar. Üstesine-de, artykmaçlyk hytaý kompaniýasynyň gurluşyna berilýär. Şeýle strategiýany Xiaomi Samsung-a garşy hem ulanýar – sosial ulgamlarda kompaniýa koreý öndürijisiniň birnäçe modelini gönüden-göni tankytlaýar.
Apple bilen Samsung-yň wekilleri marketing kampaniýasyny kemsidiji hökmünde häsiýetlendirip, Xiaomi häzirki mahabat strategiýasyny üýtgetmese, kazyýete ýüz tutjakdyklaryny habar berdi.
Hindistanyň kanunynda deňeşdiriji mahabata rugsat berilýär, ýöne ol faktlara esaslanan, obýektiw bolmaly we ýaňsylaýjy ýa-da kemsidiji häsiýete eýe bolmaly däl. Bilermenleriň pikiriçe, Xiaomi düzgünleriň çäginde hereket edýär we mümkin bolan kazyýet işi elektronikada mahabat etikasynyň serhetini kesgitlemek üçin mysal bolup biler.


22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......