Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Si Szinpin bilen duşuşdy

  • 01.09.2025 16:33
  • 8.4k+

31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň ilkinji gününde “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler.

Sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we onuň maşgalasy Pen Liýuanyň adyndan agşamlyk nahary berildi.
Şu gün — 1-nji sentýabrda HHR-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirilýär. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guraljak ýokary derejeli duşuşygyna Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşar.
Ýeri gelende bellesek, ŞHG öz gözbaşyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdyp, 2001-nji ýylda düzüminiň giňeldilmegi bilen, ol «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy» diýlip atlandyryldy. Häzirki wagtda bu düzüme agza ýurtlaryň 10-sy — Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan we Belarus Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar.
2024-2025-nji ýyllarda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hytaý Halk Respublikasy başlyklyk edýär. «Şanhaý ruhuny» ilerledip: ŞHG hereketde» mowzugynda geçirilýän häzirki sammit bolsa ýurtda geçen döwürde ŞHG-niň ugry boýunça guralan dürli mazmunly çäreleriň jemini jemlär. Oňa 20-den gowrak ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşýarlar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary-da bar. Guramanyň taryhynda iň giň wekilçilikli sammit hökmünde tapawutlanýan nobatdaky ýokary derejeli duşuşykda bu düzümiň bir ýylda alyp baran işlerine syn berlip, ony institusional taýdan has-da kämilleşdirmegiň, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurly özara gatnaşyklaryň, umumy howpsuzlygy üpjün etmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinden soňra, günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda dowam etjek ýokary derejeli duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem çykyş edip, sammitiň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan eder.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......