Kia Mýunhendäki  awtoulag sergisinde täze EV4-i, EV2-ni, EV5-i we PV5-i görkezer

  • 01.09.2025 14:15
  • 2.6k+

Mýunhende geçiriljek IAA Mobility 2025 awtoulag sergisinde Kia birnäçe täze elektrik modelini hödürlär. Esasy waka ýylyň ahyryna çenli satuwa çykaryljak ykjam elektrikli EV4-iň Ýewropada ilkinji çykyşy bolar. Bu brendiň Ýewropada ýörite ýerli bazar üçin döredilen ilkinji modelidir.

EV2 düşünjesi hem görkeziler, bu durnuklylyga we stile gadyr goýýan alyjylar üçin döredilen, şäher üçin niýetlenen ykjam ulagdyr. Ýene bir ilkinji görkeziljek model häzirki zaman tehnologiýasyny we ykjamlylygy birleşdirýän EV5 elektrik wnedorožnigidir. PBV strategiýasynyň çäklerinde PV5 elektrik furgony professional ulanmak üçin döredilen Cargo we Passenger wersiýalarynda ilkinji gezek çykar.
Awtoulag sergisine gelýänler üçin test-draýwlar programmasy taýýarlandy. Synag sürüşleri üçin World Car of the Year 2025 baýragyny alan Kia EV3, täzelenen EV6 we ýedi orunlyk SUW EV9 elýeter bolar.
Şeýlelikde, Kia elektrik ulaglary bazaryndaky ornuny berkitmek üçin çynlakaý teklipleri etmek bilen, dürli modellerde - şäher modellerinden başlap tä täjirçilik ulaglaryna çenli çözgütleri hödürleýär.
IAA Mobility 2025 9-njy sentýabrdan 14-nji sentýabr aralygynda geçer.


10.05.2026 21:39
3.1k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

09.05.2026 12:43
3.2k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.8k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......