Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 01.09.2025 13:22
  • 2.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Häzirki döwürde Özbegistan Respublikasy syýasy, durmuş-ykdysady we beýleki ugurlarda öňegidişlik hem-de gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Biz ýakyn goňşymyzyň gazanýan üstünliklerine begenýäris” diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky häzirki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn hem-de durnukly häsiýete eýedigini we hyzmatdaşlygyň giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.


düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......