Serdar Berdimuhamedow dört günlük iş sapary bilen Hytaýa bardy

  • 31.08.2025 19:50
  • 7.7k+

Şu gün, 31-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin dört günlük iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin şäherine geldi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Týanszin şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Hytaýyň resmi adamlary we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Agşam döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we onuň maşgalasy tarapyndan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň hormatyna beriljek agşamlyk naharyna myhman hökmünde gatnaşar. Ertir bolsa «Meýszýan» sergi we maslahatlar merkezinde ŞHG-ä agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyk geçiriler.
Ýeri gelende bellesek, 2001-nji ýylda düzüminiň giňeldilmegi bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna öwrülen bu gurama öz taryhyny 1996-njy ýylda esaslandyrylan «Şanhaý bäşliginden» alyp gaýdýar. Oňa agza ýurtlar (Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Belarus) häzirki wagtda Ýewraziýa yklymynyň 65 göterimini eýeläp, Ýer ýüzüniň ilatynyň tas ýarysy şu ägirt uly giňişlikde ýaşaýar. ŞHG ýurtlarynyň ählisi-de Türkmenistanyň ýakyn goňşulary we dostlary, öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýar. Şoňa görä, doly hukukly agzasy bolmasa-da, Türkmenistan bu guramanyň sammitlerine yzygiderli gatnaşýar. Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz dürli ýyllarda onuň ýokary derejeli duşuşyklaryna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, sebit we yklym ähmiýetli möhüm başlangyçlary öňe sürdüler.
Şu ýyl Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Hytaý başlyklyk edýär we ol «Şanhaý ruhuny» ilerledip: ŞHG hereketde» şygary astynda geçýär. Asman astyndaky ýurtda bu guramanyň ugry boýunça indi 5-nji gezek geçirilýän ýokary derejeli duşuşyga 20-den gowrak ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň 10-synyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......