Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşar

  • 30.08.2025 11:52
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.

Hususan-da, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylar.

“Ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny geljekde hem yzygiderli ösdüreris we kämilleşdireris” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ulanmaga berilmeginiň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm waka boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna ýüzlenmek bilen, bu täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny haýyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylary we bilim işgärlerini, bagtyýar ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......