Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy

  • 26.08.2025 11:00
  • 5.3k+

Forbes žurnaly 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýylda 48,3 mln dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi.

Ikinji orunda 47,3 mln dollar bilen italiýaly Ýannik Sinner ýerleşdi. Geçen ýyl ol 26,6 mln dollar gazandy, ýöne soňky 12 aýda onuň girdejisi ep-esli artdy.
Kortda gazanan girdejisi boýunça Sinner öňde: pul baýraklary 20,3 mln dollar bolup, bu Forbes-iň öňki reýtinglerinde Nowak Jokowiçiň görkezijileri bilen deňleşýär. Alkaras kortdan daşary gazanan girdejileri boýunça öňde barýar – ol 35 mln dollary hemaýatkärlik şertnamalaryndan, şüweleňlerden we beýleki taslamalardan aldy.
Sanawda üçünji we zenanlaryň arasynda birinji orny amerikaly Kori Gauff eýeledi. Ol 37,2 mln dollar girdeji (12,2 mln dollar – baýrak, 25 mln dollar – kortdan daşary) bilen 2024-2025-nji ýyllarda zenanlaryň arasynda iň köp girdeji gazanan türgen boldy. Nowak Jokowiç 29,6 mln dollar bilen dördünji orunda ýerleşdi.
Forbes boýunça dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingi:

  1. Karlos Alkaras (Ispaniýa) – $48,3 mln
  2. Ýannik Sinner (Italiýa) – $47,3 mln
  3. Kori Gauff (ABŞ) – $37,2 mln
  4. Nowak Jokowiç (Serbiýa) – $29,6 mln
  5. Arina Sobolenko (Belarus) – $27,4 mln
  6. Sinwen Çžen (Hytaý) – $26,1 mln
  7. Iga Swýontek (Polşa) – $24 mln
  8. Teýlor Fris (ABŞ) – $15,6 mln
  9. Frensis Tiafo (ABŞ) – $15,2 mln
  10. Daniil Medwedew (Russiýa) – $14,3 mln.

şu gün 11:31
1.2k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 17:37
5k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....