13 ýaşly tennisçi Tailandda geçen halkara ýaryşda Türkmenistana iki sany altyn medal getirdi

  • 25.08.2025 12:20
  • 5.4k+

Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guramagynda halkara tennis ýaryşy geçirildi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenleri üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Ýaryşa şeýle hem Awstraliýadan, Wýetnamdan, Gonkongdan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, Tailanddan hem-de Şri-Lankadan iň güýçli ýaş tennisçiler gatnaşdylar.
Türkmen ýygyndysynyň altyn medallarynyň ikisini 13 ýaşly Aly Geldiýew gazandy. Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy şahsy duşuşykda ýeňiş gazanyp, bu üstünligini A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýew bilen bilelikdäki jübütleýin çykyşynda hem dowam etdi. Ähli duşuşyklaryny 6 utuk bilen tamamlan Alynyň diňe ýekeje garşydaşy 4 utuk gazanyp bildi, galan duşuşyklarynyň hiç biri-de 3-den artyk utuk gazanyp bilmedi.

Türkmenistanyň ýygyndysyna ýene bir altyn medaly paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aýlar Kakabaýewa getirdi.
A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Anna Ponýatowa bolsa bürünç medal ugrundaky duşuşykda gonkongly Lam Çeuka garşy çykyş edip, 4:1, 3:5, 4:1 hasap bilen ýeňiş gazandy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......