Giorgio Armani «Ýuwentus» futbol kluby üçin resmi eşikleri taýýarlar. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, 2025/2026 we 2026/2027 möwsümlerinde oýunçylar meýdandan daşardaky ähli çärelerde bu markanyň kostýumlaryny geýer.
Täze kolleksiýa suwdan goragly kaşmirdan tikilen penjekler, balaklar, ýumşak matadan futbolkalar, polo köýnekler we marka degişli goňur-gök reňkdäki inçe ýüň balakly köýnekler girýär. Ýewrokuboklar üçin dekonstruirlenen penjekler we giň balaklar taýýarlanar, resmi çäreler üçin bolsa ak köýnekli we žakard galstukly kostýum hödürlener.
Armani italýan futbol toparlary bilen 1994-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär. Şeýle hem marka 2012 we 2016-njy ýyllaryň Olimpiýa oýunlarynda milli ýygyndynyň resmi lybasyny taýýarlapdy. 2022/2023 möwsüminde bolsa «Ýuwentusyň» resmi lybasyny Loro Piana moda öýi döretdi.