Lionel Messi hususy atyr hataryny çykardy

  • şu gün 11:12
  • 2.4k+
Lionel Messi hususy atyr hataryny çykardy

“Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi “Messi Fragrances” ady bilen öz atyr hataryny işe girizdi.

Ilkinji hoşboý ys Leo Messi Eau De Parfum boldy. Ol 10-njy oktýabrda 100 mln üçin 105 dollar baha bilen satuwa çykar. Sowgatlyk toplumynyň bahasy 120 dollara barabar.

“Men atyr bilen hemişe gyzyklanýardym we indi öz firma atyrymy döredendigime diýseň begenýärin. Bu dünýädäki ähli muşdaklar üçin şahsylaşdyrylan çüýşede, hakykatdanam, özboluşly we ruhlandyryjy hoşboý ys” – diýip, Messi sosial ulgamlarda ýazdy.

Hoşboý ysyň aýratynlyklary:

  • Ýokarky ys öwüşginleri: ter kardamon, alma ýapragy, ýabany serwi;
  • Ortaky ys öwüşginleri: Natureprint derisi, fransuz irisiniň köki, lawanda;
  • Aşaky ys öwüşginleri: Wirjiniýa kedri, wanil, paçuli.

“Diňe bir futbol ikonasy bolmadyk adamdan ruhlanan bu hoşboý ys Messiniň sada, ýöne güýçli şahsyýetiniň esasyny  görkezýär. Bu her birimizde bar bolan gizlin güýji we asuda ynamy oýarmaga gönükdirilen, legendanyň köptaraplaýynlylygyny görkezýän ajaýyp syýahat. Gözüň görüş çäginden çykýan wakany gürrüň berýän hoşboý ys” – diýlip, atyryň beýanynda aýdylýar.

Ýatlap geçsek, ýakynda “Inter Maýami” öz taryhynda ilkinji gezek yzygiderli MLS çempionatynda möhletinden ir ýeňiji boldy. Yzygiderli möwsümiň jemleýji oýnunda klub öýünde “Nýu-Inglend Rewolýuşn” topary bilen oýnar. Duşuşyk 20-nji oktýabrda geçiriler.
MLS-iň pleý-offy 23-nji oktýabrda başlar we 7-nji dekabrda tamamlanar.


17.08.2024 14:25
8.4k+

Jud Bellingem Louis Vuitton-yň ilçisi boldy

Madridiň “Realynyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem Fransiýanyň Louis Vuitton moda öýi bilen şertnama baglaşdy we onuň täze ilçisi boldy diýip, Daily Sports habar berýär. 20 ýaşly oýunçy öň Adidas-yň ýüzi bolupdy...

07.12.2023 15:00
12k+

Dizaýner Messi üçin onuň tutuş karýerasyny görkezýän ýörite krossowka döretdi

Marca-nyň habar bermegine görä, dizaýner Argentinanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçysy Lionel Messi üçin ýörite krossowka döretdi. Ýörite aýakgap dizaýneri Nike SB Dunk Low reňkler gammasyny «What the Messi» diýip...

04.10.2024 21:59
4.1k+

Pitchfork neşiri 2020-nji ýyllaryň iň gowy albomlaryny saýlady: birinji orunda Fiona Eppl

Pitchfork neşiri 2020-nji ýyllaryň iň gowy 100 albomynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny 2020-nji ýylyň 17-nji aprelinde çykan Fetch the Bolt Cutters albomy bilen Fiona Eppl eýeledi. Art-pop aýdymçynyň...

02.10.2024 10:21
4k+

Lýuis Hemilton Dior-yň täze mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

“Formula 1-iň” birnäçe gezek çempiony Lýuis Hemilton Dior modalar öýi üçin täze mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde ol döredijilik direktory Kim Jons tarapyndan döredilen erkekler kolleksiýasyny...