Jud Bellingem Louis Vuitton-yň ilçisi boldy

  • 17.08.2024 14:25
  • 9.1k+

Madridiň “Realynyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem Fransiýanyň Louis Vuitton moda öýi bilen şertnama baglaşdy we onuň täze ilçisi boldy diýip, Daily Sports habar berýär.

20 ýaşly oýunçy öň Adidas-yň ýüzi bolupdy we Predator butsylarynyň mahabatyna gatnaşdy.

“Meniň üçin Louis Vuitton maşgalasyna goşulmak ýakymly. Ýaşlygymdan bäri meni bu öý hemişe özüne çekýärdi. Men döredijiligi hakykatdan haýran galdyrýan Farell Uilýams (Louis Vuitton-yň döredijilik müdiri) bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge şat” diýip, futbolçy aýtdy.

Geçen möwsümde Jud Bellingem “Realyň” düzüminde ähli ýaryşlarda 42 oýna gatnaşyp, 23 gol we 13 netijeli geçirim bilen tapawutlandy.


11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

24.08.2025 18:01
5.8k+

Giorgio Armani «Ýuwentusyň» oýunçylary üçin resmi eşikleri taýýarlar

Giorgio Armani «Ýuwentus» futbol kluby üçin resmi eşikleri taýýarlar. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, 2025/2026 we 2026/2027 möwsümlerinde oýunçylar meýdandan daşardaky ähli çärelerde bu markanyň kostýumlaryny geýer...

15.10.2024 13:51
17k+

Kriştianu Ronaldu hususy sagat kolleksiýasyny çykardy

“Al-Nasryň” we Portugaliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hususy sagat hataryny çykarandygyny habar berdi. “Men hemişe öz sagat kolleksiýamyň bolmagyny arzuw edipdim. Jacob&Co, modeller...

10.10.2024 11:12
15k+

Lionel Messi hususy atyr hataryny çykardy

“Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi “Messi Fragrances” ady bilen öz atyr hataryny işe girizdi. Ilkinji hoşboý ys Leo Messi Eau De Parfum boldy. Ol 10-njy oktýabrda 100 mln...