Bvlgari 2030-njy ýyla çenli Abu-Dabide täze kaşaň dynç-alyş toplumyny gurar

  • 24.08.2025 17:46
  • 7.8k+

Bvlgari Hotels & Resorts Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide täze dynç alyş toplumyny we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada ylalaşyk baglaşdy. Toplumyň açylyşy 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär.

Bvlgari Resort & Mansions Abu Dhabi hususy adada ýerleşer. Ol ýerden açyk deňze, Prezident köşgüne we şäheriň panoramasyna giň görnüş açylar. Taslama 60 otagy we lýuksleri, şeýle hem özbaşdak basseýnleri bolan 30 willany we meýdany 1 650–2 500 inedördül metre çenli barýan 90 jaýy öz için alýar.
Geljekki toplumyň infrastukturasynda restoranlar, spa-merkez, fitnes zallary, landşaftly sebitler, baýramçylyk zaly, şeýle hem hususy kenarly we 40 orunlyk gämi duralgaly ýaht-klub bolar.
Taslamanyň arhitektura çözgüdi Milan şäherindäki Acpv Architects tarapyndan alnyp barylýar, onuň deweloper kompaniýasy bolsa Abu-Dabiden Eagle Hills bolup çykyş edýär.


05.06.2026 21:38
5.6k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.2k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......