Tailand 200 müň syýahatça mugt awiabiletleri paýlamagy meýilleşdirýär

  • 23.08.2025 18:31
  • 9.6k+

Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrligi daşary ýurtly syýahatçylar üçin mugt içerki uçuş maksatnamasyny teklip etdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin 700 mln bat bölüp bermek meýilleşdirilýär diýip, The Economic Times neşiri ýazýar.

Taslamanyň şertlerine görä, Tailanda petek satyn alan daşary ýurtly syýahatçylar ýa-ha ýurduň içinde iki mugt uçuş, ýa-da bir taraplaýyn petek satyn alyp biler. Goşuň 20 kg çenli bolmagy göz öňünde tutulýar.
Maksatnamany alty awiakompaniýa, şol sanda Thai Airways we AirAsia bilen hyzmatdaşlykda işe girizmek meýilleşdirilýär.
Başlangyç 2025-nji ýylyň awgust – dekabr aýlary üçin niýetlenýär we Buy International, Free Thailand Domestic Flights adyny göterer. Häkimiýetler oňa azyndan 200 müň adamyň gatnaşmagyna we munuň ýurda 21,8 mlrd bata çenli peýda getirmegine garaşýar. 


25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......