Kaliforniýadaky gurakçylyk 2025-nji ýylda badam hasylynyň azalmagyna getirer

  • 22.08.2025 18:54
  • 3.6k+

2025-nji ýylda badam hasyly Kaliforniýadaky gurakçylyk sebäpli ep-esli azalar, çünki bu ýerde badamyň global möçberiniň, takmynan, 80%-i ösdürilip ýetişdirilýär diýip, The Telegraph ýazýar.

Ýagdaý köp ýurtlarda çörekçileri we süýjülik öndürijileri adaty reseptlere gaýtadan seretmäge mejbur eder.  
Şeýle ýagdaýdan zyýan çekjekleriň arasynda meşhur britan süýjüligi Cherry Bakewell bar: ondan badam ýaprajyklary we franžipan kremi aýrylyp bilner. Marsipan öndürijileri, şeýle-de onuň esasynda taýýarlanýan süýjülikler, mysal üçin, Roždestwo ştolleni hem şeýle kynçylyklary başdan geçirip biler.
Pudagyň wekilleri hasylyň hatda sähel azalmagynyň-da bahany ýokarlandyrýandygyny we önümçilik meýilnamalaryny üýtgedýändigini duýdurýar. Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi, tersine, hasylyň geçen ýylkydan 10% ýokary boljakdygyny aýdýar. Ýöne öndürijiler bu çaklamalara şübheli garaýar.

“Üljeli Beýkwell – bu ýönekeý bir tort däl, bu britan medeniýetiniň bir bölegi. Adamlarda onuň nähili tagamynyň bolmalydygy, ony dişläniňde nähili duýgularyň bolmalydygy barada berk düşünjeler bar. Hut şonuň üçin ingredientleriň sanawynyň üýtgemegi örän möhüm” – diýip, Macphie kompaniýasynyň brend-menejeri Kirsti Metýuz belleýär.

Ol satuwda eýýäm Cherry Bakewell Sensation görnüşiniň peýda bolandygyny aýtdy. Onda ülje-badam tagamy saklanýar, ýöne hakyky hoz ulanylmaýar. Metýuzyň aýtmagyna görä, önüm, aýratynam, allergiýasy bolan adamlaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.

“Biz häzirki üpjünçilik şertlerine laýyk gelýän ingredientler bilen häzirem size garaşýan zadyňyzy – şol bir ýakymly ysy, şol bir tagam deňagramlylygyny, şol bir lezzeti hödürläp bilýäris” – diýip, ol belledi.


19.06.2026 10:08
3.5k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....