Türkmen okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny goýdular

  • 22.08.2025 07:45
  • 7.8k+

21-nji awgustda Aşgabatda geçirilýän «Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşikler guraldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de “Kämil bilim” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikler ýurdumyzymyň çar künjünden 6-14 ýaşly mekdep okuwçylarynyň 120-ä golaýyny bir ýere jemledi. “Mega Hafyza” guramasynyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, MEMORIAD Bütindünýä zehin sportlary Federasiýasynyň esaslandyryjylarynyň biri, şeýle hem halkara derejeli emin Melik Duýar bäsleşikleriň hormatly myhmanlarynyň biri boldy.

Bellenen meýilnama laýyklykda, okuwçylar Mental arifmetikanyň Flaş anzan marafony boýunça bäsleşdiler. 45-50 minut dowam eden bäsleşik ýatdan hasaplamak boýunça aýratyn zehinlileri öňe saýlady. Netijede, “Kämil bilim” okuw merkeziniň Türkmenabat şäherindäki şahamçasynyň diňleýjileri 12 medal, paýtagtymyzdaky merkeziniň diňleýjileri 7 medal, Balkanabat şäherindäki şahamçasynyň diňleýjileri 2 medal gazanmagy başardylar. Ýaryşda Mary şäherindäki “Altyn Göreç” hem-de Baýramalydaky “Bilim güzeri” okuw merkezleriniň diňleýjileri 1 medal gazandylar. Şunda Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mekan Nurgeldiýew, Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Aly Oraşow, Türkmenabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 9-njy orta mekdebiniň okuwçysy Aýgül Ýusupowa aýratyn tapawutlanmagy başardy.  

Ýatdan hasaplamak bäsleşikleriniň çäklerinde ýurdumyzyň zehinli okuwçylary mental arifmetikanyň 3 görnüşi boýunça dünýä rekorduny goýdular.

  1. Çalt Flaş Anzan. Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Aly Oraşow 0,3 sekunt tizlik bilen çalşyp duran 150 sany 2 belgili sanlary goşmak boýunça öz ukyby görkezdi. Yzygiderli 5 gezek dogry netije görkezen Aly dünýä rekorduny goýmagy başardy.
  2. Iň çalt ýatdan goşmak. Türkmenabat şäherindäki 38-nji orta mekdebiň okuwçysy, Rowaç Begenjow 100 sany 1 belgili sanlary dogry goşup, yzygiderli 3 gezek dogry netije görkezdi. Şeýlelikde, Rowaç dünýä rekorduny goýmagyň hötdesinden geldi.
  3. Iň çalt ýatdan köpeltmek. Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy, “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjisi Mekan Batyrow 8 belgili sanlary 8 belgili sanlara 10 gezek ýatdan çalt we dogry köpeltmek boýunça dünýä rekorduny goýdy.

Bäsleşikleriň ahyrynda oňa gatnaşanlara we ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik höweslendiriji sowgatlar we Hormat hatlary, şeýle hem dünýä rekorduny goýan türkmen mekdep okuwçylaryna MEMORIAD Bütindünýä zehin sportlary Federasiýasynyň degişli serfikatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 


12.05.2026 20:28
1.4k+

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
3k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......