70-nji ýubileý “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi Wenada geçiriler

  • 21.08.2025 23:51
  • 1.3k+

70-nji ýubileý “Ýewrowideniýe” bäsleşigi 2026-njy ýylda Wenada geçiriler. Bu barada çäräniň resmi saýtynda habar berildi.

“Final 16-njy maýda ýurduň iň uly arenasynda, Winer-Ştadthallede geçiriler” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar. Ýarym finallar 12-nji we 14-nji maýa meýilleşdirilýär. Çäräni gurnamak işine Awstriýanyň ORF milli ýaýlym guramasy jogapkärdir.

Wena üçünji gezek bäsleşigiň geçirilýän ýeri bolar. Ozal Awstriýanyň paýtagty “Ýewrowideniýäni” 1967-nji we 2015-nji ýyllarda kabul etdi. Geçirilen bäsleşikleriň sany boýunça ol Kopengagen, Malmýo we Stokgolm bilen dördünji orny paýlaşýar. “Ýewrowideniýe” Dublinde, Londonda we Lýuksemburgda köp geçirildi.
2025-nji ýylda bäsleşik Bazelde geçdi we onuň ýeňijisi “Wasted Love” aýdymy bilen awstriýaly aýdymçy Ýohannes Pitç (JJ) boldy. Ikinji orny “New Day Will Rise” aýdymy bilen ysraýylly aýdymçy Ýuwal Rafael eýeledi. Üçünji “Espresso Macchiato” aýdymy bilen estoniýaly repçi Tommi Keş boldy. Ol ikinjiden bary-ýogy bir bal tapawut bilen yza galdy.


17.05.2026 14:15
6k+

70-nji «Ýewrowideniýe» bäsleşiginde bolgariýaly aýdymçy Dara ýeňiji boldy

Bolgariýaly aýdymçy Dara 70-nji «Ýewrowideniýe» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýubileý bäsleşigi Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirildi....

16.05.2026 12:10
3.4k+

«Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň ähli finalçylary belli boldy

Wenanyň «Wiener Stadthalle» arenasynyň sahnasynda geçirilen iki sany saýlama tapgyryň netijeleri boýunça «Ýewrowideniýe-2026» halkara aýdym-saz bäsleşiginiň final tapgyryna gatnaşjaklaryň ählisi kesgitlendi....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

25.04.2026 16:02
6.4k+

Ýewropada çaga iýmiti bilen bagly galmagal: «HiPP-iň» önümlerinden alaka zäheri tapyldy

Awstriýada, Çehiýada we Slowakiýada nemes brendi bolan «HiPP-iň» çaga iýmitleriniň gaplaryndan alaka zäheri tapyldy. Awstriýanyň häkimiýetleri eýýäm «SPAR» marketler torunyň 1000-den gowrak dükanlaryndan......