Arabika üçin birža bahalary Braziliýadaky ýaramaz howa sebäpli gymmatlady

  • 21.08.2025 15:25
  • 2.9k+

Arabika kofesi üçin birža bahalary iki aýlyk iň ýokary derejä ýetdi. Kofe däneleri üçin dekabr fýuçersiniň bahasy 19-njy awgustda 3,32% ýokarlanyp, bir funt üçin 3,47 dollara (bir kilogram üçin 7,63 dollar) ýetdi. Soňky gezek bahalaryň şeýle derejesi 11-nji iýunda bolupdy.

Baha ösüşi eýýäm bäş gün bäri dowam edýär: 13-nji awgustdan bäri arabikanyň bahasy 12,62% gymmatlady.
Bahalaryň ýokarlanmagy Braziliýada howanyň ýygy-ýygydan sowamagy sebäpli hasylyň pes bolmagyndan howatyrlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýaramaz howa diňe bir häzirki möwsüme däl, eýsem ösümlikleriň irki güllemegine getirip, 2026-njy ýylyň hasylyna-da täsirini ýetirip biler diýip, McDougall Global View analitigi Maýkl Makdugall belledi.
Mundan başga-da, soňky günlerde bahalaryň ýokarlanmagy Braziliýadan eksportyň garaşylandan has haýal ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr diýip, hünärmenler belleýär.
Çaklamalara görä, şu möwsümde Braziliýada arabika we robusta kofesiniň umumy hasyly her biri 60 kg 63,9 mln halta bolar, bu bolsa geçen ýylyň görkezijilerinden 2,1% azdyr diýip, Kofe söwdasy akademiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär.


31.10.2025 11:43
6.5k+

Rio-de-Žaneýrodaky meşhur Maracana stadiony satuwa çykaryldy

Rio-de-Žaneýronyň häkimiýeti “Fluminense” we “Flamengo” futbol klublarynyň öý oýunlarynyň geçýän ýeri bolan meşhur Maracana stadionyny satuwa çykarmak kararyna geldi. Bu barada RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, meýdançanyň satuwy ony saklamak üçin çykdajylary azaltmak we sebitiň 1,89 mlrd ýewrolyk bergilerini bölekleýin ýapmak islegi bilen baglanyşykly boldy...

16.10.2025 10:26
7.5k+

BYD San-Pauluda SkyRail "asman otlusyny" işe girizdi

Braziliýanyň iň uly şäherleriniň biri San-Paulu şäherinde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň “SkyRail” atly “asman otlusy” işe girizildi diýip, MyDrivers neşiri habar berýär. Täze ulag ulgamy bir wagtyň özünde 616 ýolagçyny gatnadyp bilýär...

08.09.2025 10:52
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

28.08.2025 15:09
4k+

Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar...