Tokio iş bilen dynç alşy utgaşdyrmak üçin şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 21.08.2025 16:15
  • 5k+

Ýaponiýanyň paýtagty 2025-nji ýylda uzak aralykdan işi we dynç alşy utgaşdyrmak üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada Şweýsariýanyň International Workplace Group (IWG) kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan Anywhere Barometer gözleginde habar berilýär.

Tokio tiz interneti, ösen transporty, howpsuzlyk derejesi, medeni köpdürlüligi we uzak aralykdan işleýän daşary ýurtly hünärmenler üçin ýakynda girizilen wiza bilen ýokary bahalara eýe boldy. Şäheriň daglara, kenarlara we milli seýilgählere ýakynlygy hem onuň artykmaçlygyny ýokarlandyrdy.
Şeýle-de, iň gowularyň onlugyna Rio-de-Žaneýro (Braziliýa), Budapeşt (Wengriýa), Seul (Günorta Koreýa), Barselona (Ispaniýa), Pekin (Hytaý), Lissabon (Portugaliýa), Rim (Italiýa), Pariž (Fransiýa) we Walletta (Malta) girdi.
IWG-iň maglumatlaryna görä, şäherlere klimat, internet tizligi, işlemek üçin kärendesine alyp bolýan ýerleriň elýeterliligi, tebigy zolaklaryň golaýynda ýerleşmegi, şeýle-de uzak aralykdan işleýän daşary ýurtlular üçin wiza şertleri we bahalary ýaly 12 ölçeg boýunça baha berildi. 


10.05.2026 22:08
8.1k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

03.05.2026 11:40
4.1k+

Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter....

01.05.2026 15:59
4.5k+

Müsürde arheologlar faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy

Arheologlar Eş-Şarkiýa sebitindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, çaklanylyşyna görä, faraon Ramses II-niň heýkelini tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 07:10
4.9k+

​"Şäher ägirt uly myhmanhana bolup bilmez": Afiny syýahatçylyk boýunça berk çäreleri yglan etdi

Afinynyň şäher häkimligi syýahatçylaryň aşa köp gelýändigi sebäpli taryhy Plaka etrabynda syýahatçylygy goldaýan ähli maksatnamalaryny togtatmak kararyna geldi. Geçen ýyl şäher rekord derejede 8 million......