Braziliýada alymlar lakga balyklaryň ilkinji gezek şaglawuga dyrmaşyp çykyşyny görkezdi

  • 21.08.2025 16:18
  • 12k+

Braziliýanyň günortasynda tebigaty goraýyş polisiýasy üýtgeşik hadysa syn etdi: müňlerçe eşegary lakgalar şaglawuk boýunça ýokary dyrmaşyp başlady. Bu şeýle görnüşli balyklaryň şeýle hereketiniň ilkinji resminamalaşdyrylan ýagdaýy boldy diýip, Interesting Engineering neşiri ýazýar.

Adaty bolmadyk hadysa geçen ýyl ýagyş möwsüminiň başynda syn edildi. Bir hepdeden bu ýere ýakynda açylan balyklary doly öwrenmek üçin braziliýaly alymlaryň topary geldi.
Meýdan gözegçilikleri lakgalaryň günüň bellibir ritmine boýun egýändigini görkezdi: olar iň yssy sagatlarda daşlaryň aşagynda we howdanlarda gizlenýär, alagaraňkylygyň düşmegi bilen bolsa şaglawuk boýunça ýokary çykyp başlaýar. Balyklar akymyň garşysyna hereket etmek üçin ýüzgüçlerini giňden ýaýyp, guýruklaryny we gapdal hereketleri ulanýar. Bu usul howa ýassygyna meňzeş mehanizm bilen has-da güýçlenýär – ol lakgalara tekiz typançak daşlara ýapyşmaga kömek edýär.
Gözegçilikleriň dowamynda başga görnüşli üç balygyň lakgalaryň yzyna düşmek synanyşygy-da hasaba alyndy, bu bolsa başga-da birnäçe görnüşiň şeýle hereketiniň bolup biljekdigini görkezýär.
Eşegary lakganyň näme sebäpden şeýle beýige çykýandygy entek öwrenilýär. Esasy nazaryýet onuň köpelmek bilen bagly bolup biljekdigini öňe sürýär. “Alpinistleriň” arasynda hem erkekler, hem urkaçylar bardy, olaryň köpüsi ýetişendi. Ýokary dyrmaşmagyň wagty ýagyş möwsümi bilen gabat geldi. Bu döwürde bolsa derýada balyklaryň köp görnüşi işbil taşlaýar.


02.02.2026 18:02
4k+

Bir million adam: Braziliýa Starlink-e birikmeleriň sany boýunça dünýäde 2-nji orna çykdy

Braziliýada Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany bir million adamdan geçdi. Bu görkeziji boýunça ýurt diňe ABŞ-dan yza galyp, dünýäde ikinji orny eýeledi. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Braziliýa bu hyzmat üçin iň çalt ösýän bazarlaryň birine öwrüldi...

30.04.2025 12:19
5k+

Braziliýada 113 million ýyl ozal ýaşap geçen garynjanyň galyndylary tapyldy

Braziliýada ylma mälim bolan dowzah garynjasynyň (bu hili atlandyrma gadymy grek mifologiýasyndan gözbaş alýar) iň gadymysy tapyldy. Onuň ýaşy 113 million ýyl hasaplanýar diýip, Current Biology žurnaly habar berýär...

27.06.2024 16:40
7k+

Braziliýada ilkinji gezek krokodiller bilen kowumdaş gadymy süýrenijiler tapyldy

Braziliýada Parvosuchus aurelioi adyny alan gadymy süýrenijiniň galyndylary tapyldy. Häzirki zaman krokodilleriniň kowumdaşy, psewdozuhiýler toparyna degişli bolan bu haýwan 237 million ýaşly diýip, Phys.org neşirinde...

19.06.2024 17:05
16k+

Kolokolo pişigine ýitip gitmek howpy abanýar. Braziliýaly ekologlar olary halas etmek ugrunda göreşýärler

Ekologlaryň maglumatlaryna görä, kolokolo pişigi (Leopardus munoai) pişikler maşgalasyndan bolan ýyrtyjy süýdemdiriji bolup, oňa ýok bolup gitmek  howpy abanýar. Dünýäde bu görnüşiň, takmynan, 100 sanysy galyp...