Kolokolo pişigine ýitip gitmek howpy abanýar. Braziliýaly ekologlar olary halas etmek ugrunda göreşýärler

  • 19.06.2024 17:05
  • 16k+

Ekologlaryň maglumatlaryna görä, kolokolo pişigi (Leopardus munoai) pişikler maşgalasyndan bolan ýyrtyjy süýdemdiriji bolup, oňa ýok bolup gitmek  howpy abanýar. Dünýäde bu görnüşiň, takmynan, 100 sanysy galyp, olaryň ählisi Braziliýanyň günortasyndaky, Urugwaýdaky we Argentinanyň demirgazyk-gündogaryndaky otly düzlüklerde ýaşaýar diýip,  Naked Science ýazýar.

Braziliýanyň Pró-Carnívoros daşky gurşawy goraýyş guramasynyň ekologlary gyssagly çäre görülmese, kolokolo pişikleri ýakyn 5-10 ýylyň içinde ýok bolup gider diýip hasaplaýarlar. Oba hojalygynyň ýerleriniň giňeldilmegi we iri şahly mallaryň baş sanynyň ýokary depginde artdyrylmagy sebäpli agzalan pişikleriň ýaşaýan ýerleriniň ýitmegi olara esasy howp bolup durýar.Braziliýanyň taryhynda iň erbet tebigy hadysalaryň birine öwrülen, Riu-Grandi-du-Sul şäherinde bolup geçen suw joşmasynyň duýdansyz ýagdaýda bu haýwanlary goramak boýunça edilýän ähli tagallalary puja çykarandygy bellendi. Tebigy betbagtçylyk wagtynda ştat boýunça haýwanlara gözegçilik etmek üçin oturdylan 60 kamera duzagyna çynlakaý zeper ýetdi.
Halas ediş meýilnamalarynda pişikleriň ýaşaýan üç ýurdunda tebigaty goraýyş bileleşigini döretmek, ýerli uniwersitetlere we mekdeplere bilim saparlaryny amala aşyrmak, döwlet wekilleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda kolokolo pişiklerini emeli usulda köpeltmek mümkinçiligi göz öňünde tutulýar, ýöne bu babatda Urugwaýda geçirilen öňki synanyşyklar şowsuz bolupdy.


18.02.2026 07:37
7.6k+

Balykçylygyň gadagan edilmegi Ýanszy derýasynda 70 ýylda ilkinji gezek balyklaryň köpelmegine getirdi

Science žurnalynda Hytaýda geçirilen giň gerimli ekologik barlagyň netijeleri çap edildi. Onda alymlar 2021-nji ýylda Ýanszy derýasynyň howzunda täjirçilik maksatly balyk tutmaga girizilen on ýyllyk moratoriýanyň netijelerine baha berdiler...

14.02.2026 14:15
3.1k+

Norwegiýa deňziniň düýbünde adatdan daşary wodorod çeşmesi tapyldy

Alymlar Norwegiýa deňziniň düýbünde düzüminde adatdan daşary ýokary mukdarda wodorod saklaýan gidrotermal çeşmeleri ýüze çykardylar. Knipowiç gerşiniň çäklerinde edilen bu açyş şeýle ulgamlaryň emele gelşi we beýleki planetalaryň ummanlaryndaky ýaşaýyş mümkinçilikleri baradaky düşünjelere üýtgeşme girizip  biler...

04.02.2026 10:47
3.4k+

Alymlar CO₂ derejesini peseltmek üçin agaçlary suwa basdyrmagy teklip edýärler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Ulf Býutgeniň ýolbaşçylygynda Demirgazyk buzly ummanynyň düýbüne agaçlary çümdürmek arkaly uglerody uzak möhletleýin saklamak usulyny hödürlediler. Bu ylmy garaýyş 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda NPJ Climate Action žurnalynda çap edildi...

02.02.2026 18:02
4k+

Bir million adam: Braziliýa Starlink-e birikmeleriň sany boýunça dünýäde 2-nji orna çykdy

Braziliýada Starlink hemra internetini ulanyjylaryň sany bir million adamdan geçdi. Bu görkeziji boýunça ýurt diňe ABŞ-dan yza galyp, dünýäde ikinji orny eýeledi. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, Braziliýa bu hyzmat üçin iň çalt ösýän bazarlaryň birine öwrüldi...