Atlantik ummanynyň düýbünden süýji suwuň ummasyz ätiýaçlygy tapyldy

  • 24.09.2025 11:42
  • 6.6k+

Alymlar ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar kenarýakasynda Atlantik ummanynyň aşagyndan süýji suwuň ägirt uly howdanyny tapdylar. Bu barada üç aýlyk ekspedisiýany tamamlan halkara barlagçylar toparyna salgylanýan  CNN habar berdi.

Gürrüň Nýu-Jersiden Men ştatynyň demirgazygyna çenli ýaýylyp gidýän suwly gözýetim barada gidýär. “Ekspedisiýa 501-iň" çäklerinde 400 metre çenli çuňlukdaky guýular burawlandy. Seljermeler suwuň maslahat berilýän agyz suwunyň standartlaryna laýyk gelýändigini görkezdi. Hünärmenler bu suw ätiýaçlyklaryň Nýu-Ýork şäheri ýaly megapolisi 800 ýyllap suw bilen üpjün etmäge ýetjekdigini çaklaýarlar.
BMG-niň çaklamalaryny göz öňünde tutsaň, mesele has ýiti görünýär. Bäş ýylyň içinde dünýäde süýji suwa bolan isleg 40% artyp biler. Şol bir wagtda deňiz derejesi ýokarlanýar, kenarýaka suw çeşmelerini hapalaýar, senagatda suwuň sarp edilişi bolsa ýokarlanýar.
Alymlar entek üsti açylan suwuň gelip çykyşyny we ýaşyny kesgitlemeli. Bu bolsa çeşmäniň täzelenip bilinjekdigini ýa-da ýokdugyny kesgitlär. Şeýle hem, howpsuzlyk meselesi we tapyndynyň bahasy, iň esasysy hem daşky gurşaw töwekgelçiligi bilen baglanyşykly meseleler hem açyklygyna galýar.
Hünärmenler şuňa meňzeş suw gorlarynyň beýleki yklymlaryň kenarlarynda hem bolup biljekdigini we global süýji suw ýetmezçiligi meselesini çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýdýarlar.


düýn 10:01
3.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......