Alymlar äpet penjeli guşa meňzeş dinozawryň täze görnüşini tapdylar

  • 18.08.2025 15:21
  • 4.7k+

Mongoliýada uly dyrnakly, guşa meňzeş dinozawryň galyndylary tapyldy. Täze görnüş Shri rapax diýlip atlandyryldy we dromeozawrid maşgalasyna degişlidir. Bu açyş barada Historical Biology žurnalynda habar berildi.

The Independent alymlaryň gelen esasy netijelerini jemleýär.
Hünärmenler bu galyndylar Mongoliýadaky Jadohta formasiýasyndan gazylyp alnan diýip hasaplaýarlar, ýöne 2000-nji ýyllarda süňkleriň bikanun gazylyp çykarylandygy sebäpli takyk bir zat aýdyp bolmaz. Şondan soň, olar Fransiýanyň Eldonia kompaniýasy satyn alýança, Angliýada we Ýaponiýada hususy kolleksiýalarda saklanypdyr.
Jadohta formasiýasy 75–71 million ýyl ozal Ýerde ýaşan dinozawrlaryň galyndylaryny öz içine alýar.
Täze görnüşiň berk başam barmagy we uzyn dyrnaklary bolupdyr. Kelläniň gurluşy güýçli dişläp bilendigini görkezýär. Alyn penjeleriniň anatomiýasyndan çen tutup, alymlar bu ýyrtyjynyň, garyndaşy welosiraptora garanda, has uly awlary awlandygyny çaklaýarlar. Megerem, bu dinozawryň pidalaryna ýaş, sowutly dinozawrlar giren bolsa gerek.


düýn 16:08
2.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....