UEFA klublaryň täzelenen reýtingini çykardy: birinji - «Real»

  • 16.08.2025 18:26
  • 8.8k+

2025/26 möwsüminiň öňüsyrasynda UEFA klublaýyn reýtingini täzeledi. Sanawda ilkinji orny 117,5 utuk toplan Madridiň "Realy" eýeledi.

Geçen möwsümde “Real” hiç bir kubogy gazanyp bilmese-de, UEFA-nyň reýtingi soňky bäş möwsümde toparlaryň Ýewrokuboklardaky netijelerine görä düzülenligi sebäpli "Real" sanawyň başyna çykdy.
Ilkinji üçlüge şeýle hem 108,25 utuk toplan Mýunheniň "Bawariýasy" we 107,25 utukly Milanyň "Interi" girýär.
UEFA-nyň ilkinji 20 klubunyň sanawy:

  1. "Real" — 117,5
  2. "Bawariýa" — 108,25
  3. "Inter" — 107,25
  4. "Mançester Siti" — 102,75
  5. "Liwerpul" — 101,5
  6. "PSŽ" — 94,5
  7. "Baýer" — 85,25
  8. "Borussiýa D" — 84,75
  9. "Barselona" — 83,25
  10. "Roma" — 80,5
  11. "Benfika" — 77,75
  12. "Atletiko" — 77,5
  13. "Mançester Ýunaýted" — 76,5
  14. "Çelsi" — 76
  15. "Arsenal" — 75
  16. "Aýntraht" — 74
  17. "West Hem" — 69
  18. "Feyenoord" — 67
  19. "Milan" — 66
  20. "Atalanta" — 65

UEFA-nyň klublaýyn reýtingi esasan Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýalar ligasy ýaly ýaryşlaryň bije çekişliginde toparlaryň sebedini kesgitlemek üçin ulanylýar. Mundan başga-da, ol indiki möwsümde her bir ýurda Ýewrokuboklarda beriljek orunlaryň sanyna-da täsir edýär.


düýn 13:51
8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......