Huawei üç ekranly Mate XT-2 smartfonyny iPhone 17-niň tanyşdyryljak güni hödürlär

  • 14.08.2025 16:20
  • 2.5k+

Huawei eplenýän üç ekranly smartfonynyň täze görnüşini – Mate XT 2 smartfonyny taýýarlaýar. Fixed Focus Digital insaýderleriniň maglumatlaryna görä, smartfonyň tanyşdyrylyşy 10-njy sentýabrda bolup biler.

Bu sene Apple-iň iPhone 17 smartfon hatarynyň garaşylýan tanyşdyrylyş dabarasy bilen gabat gelýär. Gürrüňlere görä, ol hem 9-njy ýa-da 10-njy sentýabra meýilleşdirilýär.
Eplenýän üç ekranly ilkinji Mate XT smartfony uly gyzyklanma döretdi. Model planşet bilen deňleşip bilýän açylyp-ýygnalýan ekrany bilen tapawutlanýar. Onuň özboluşly gurluşy hatda iPhone 16-nyň hem muşdaklarynyň ünsüni özüne çekdi.
Häzirlikçe Huawei täze model barada maglumat bermeýär, ýöne gürrüňlere görä, ol Mystic Black, Auspicious Red, Crimson Purple we Bright White ýaly reňklerde elýeterli bolar.
Ozal, anons 12-nji sentýabrda geçiriler diýlip çak edilipdi. Geçen ýyl Huawei hut şu senede Mate XT Ultimate Design Edition smartfonyny hödürledi. Ýöne, gürrüňler dogry bolsa, hytaý tehnoägirdi nämedir bir sebäp boýunça öz amerikan bäsdeşiniň anonsyna “päsgel bermek” kararyna gelipdir.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...