Eýranda ýylanyň we içýanyň şekili bolan 3000 ýyllyk gapyrjak tapyldy

  • 14.08.2025 16:19
  • 7.6k+

Arheologlar Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Demirgazyk Horasan welaýatynda ýaşy 3000 ýyla barabar bolan daş gapyrjagy tapdy.

Live Science neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndy Çalou Depesindäki gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykaryldy. Bu ýerde 2006-njy ýyldan bäri biri-birinden uzak bolmadyk aralykda ýerleşen we pes gorganlar bilen örtülen 48 mazar tapyldy.
Mazarlaryň birinde ýetginjek gyz jaýlanypdyr. Onuň süňkleri bilen birlikde tapylan predmetleriň arasynda ýylanyň we içýanyň şekili bolan gara daşdan gönübürçly gapyrjak aýratyn ünsi çekdi. Eýranyň Medeni miras ministrliginden arheolog Ali Wahdatiniň habar bermegine görä, bu predmet kosmetika ýa-da göz üçin sürme hökmünde ulanylan toz görnüşli gara mineral üçin konteýner hökmünde hyzmat eden bolsa gerek. Alymlaryň pikiriçe, ýylanyň we içýanyň şekili “gorag” funksiýasyny ýerine ýetiren bolmaly.
Şeýle predmet ozal häzirki Owganystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň çäginde ýerleşen Baktriýada bürünç asyrynyň aramgähinde tapyldy. Bu gapyrjagyň hem baktriýa daşyndan ýasalan bolmagy mümkin.
Gapyrjakdan başga-da, guburda altyn gulakhalka we ýüzük, bürünç aýna, pil süňkünden we bürünçden temençe, keramiki gaplar, bürünç möhür we lazuritden monjuk tapyldy. Bu tapyndylar beýleki sebitler bilen söwda aragatnaşyklaryny görkezýär.


19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....