Türkmen milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlandy

  • 14.08.2025 15:14
  • 11k+

12-nji awgustda Ýaldyrak ýyldyzy dogdy. Türkmen milli senenamasy boýunça Aralyk we Üçýyldyz döwri jöwzaly günleri bilen ahyry öz ornuny Ýaldyraga berdi. Ýaldyrak dogmazyndan birnäçe gün öň we onuň yz ýanyndan jöwzaly yssy has ýokarlanýar.

Üçýyldyz döwrüniň soňky günleri awgust aýynyň birinji ongünlügine gabat gelýär. Bu döwürde dowam edýän yssy we gurak howanyň dessine öz ornuny çygly, salkyn howa beresi gelenok. Edil şu döwürde ýene-de yssy günler ýeterlik bolýar. Aýratyn-da, «Ýaldyragyň ýangyny» atlandyrylýan jöwzaly günler uzak dowam etmese-de, daýhany-da, maldary-da az-kem ýadadýar. Elbetde, daýhan bu yssy günleriň peýdasyny-da unutmaýar. Hut Ýaldyragyň dowam edýän günlerinde gowaça hasyl toplaýar. Yssy günlerde gowaçanyň toplaýan hasylynyň süýüminiň hili-de ýokary bolýar.
Ýaldyrak ýyldyzy, adyndan belli bolşy ýaly, Gün ulgamyndaky has ýagty ýyldyzlaryň biridir. Ol Gün ulgamyna golaýlygy boýunça ýyldyzlaryň arasynda ýedinji orny eýeleýär. Astronomlaryň ylmy çaklamalary boýunça Ýaldyrak ýyldyzy gabarasy, agramy we gyzgynlygy babatda Günden iki esse ýokarydyr. Ol bary-ýogy 40 gün dowam etse-de, gyzgynlygy gowşamaýar. Diňe gijelerine çyg düşüp, howa birneme salkynlaýar. Ýaldyrak dogandan soň, çarwanyň-da, daýhanyň-da aladasy artýar. Çarwa güýz gyrkymyna girişýär. Daýhan bolsa şu döwürde bugdaý ekişine taýýarlanyp, gowaçanyň hasylyny artdyrýar. Meýdandaky bakja ekinleriniň baly goýalýar. Daýhanyň maňlaý deri bilen ýetişdiren önümleri onuň bereketli saçagyna dolup başlaýar.
Ýaldyrak döwri 12-nji awgustdan başlanyp, 22-nji sentýabra çenli dowam edýär diýlip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......