“PSŽ” “Tottenhemi” penalti tapgyrynda utup, UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

  • 14.08.2025 07:45
  • 8.9k+

14-nji awgusta geçilen gije Italiýanyň Udine şäherinde UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçirildi. Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” Angliýanyň “Tottenhem” klubuny utdy. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deň – 2:2 hasabynda tamamlandy we ýeňiji oýundan soňky penalti tapgyrynda kesgitlendi (4:3).

Oýun wagty “PSŽ” 0:2 hasabynda utulyp gelýärdi. “Tottenhem” oýnuň tutuş birinji ýarymynyň dowamynda agalyk etdi we 39-njy minutda hasaby açdy – niderlandly goragçy Mikki wan de Wen gol geçirdi. Ikinji gol 48-nji minutda tora girdi, argentinaly goragçy Kristian Romero kelle bilen geçirdi.
“PSŽ” diňe 85-nji minutda koreýaly Li Kan Iniň jerime meýdançasynyň daşyndan takyk urgusynyň netijesinde janlanyp başlady. 90+4-nji mnutda Gonsalu Ramuş hasaby deňledi – 2:2.
Düzgüne laýyklykda, esasy wagtda hasap deňme-deň bolandan soň, göni penalti depildi. On bir metrlik urguda “Tottenhemiň” iki oýunçysynyň nätakyk urgusy Luis Enrikeniň toparyna ýene bir kubogy eýelemäge mümkinçilik berdi – 4:3.
Ýatlap geçsek, “PSŽ” Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisidir, geçen ýaryşyň finalynda topar “Interi” 5:0 hasabynda utdy. “Tottenhem” Ýewropa ligasynyň finalynda “Mançester Ýunaýtedden” üstün çykdy (1:0).


düýn 17:07
6.6k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.4k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.6k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....