UEFA-nyň Superkubogy gelýär. Ýarygije “PSŽ” bilen “Tottenhem” duşuşar

  • 13.08.2025 12:48
  • 7.4k+

Penşenbe gününe geçilýän gije Italiýanyň Udine şäherindäki “Daçiýa Arena” stadionynda UEFA-nyň Superkubogy üçin oýun geçiriler. Kubok ugrunda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi “Pari Sen-Žermen” bilen Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Tottenhem Hotspur” göreşer.

Oýun Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlar.
“PSŽ” bu oýundan öň Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalynda “Çelsiden” 3:0 hasabynda utulypdy. Geçen möwsümde topar içerki ýaryşlarda ynamly ýeňiş gazandy we ÇL-iň finalynda “Interi” 5:0 hasabynda utdy. Tomusda parižliler derwezeban Lukas Şewalýe bilen şertnama baglaşyp we goragçy Ilýa Zabarnynyň transferini tamamlap, goragy güýçlendirdi. Oýundan öň kluby derwezeban Janluiji Donnarummanyň terk edýändigi belli boldy. Derwezeban oýun üçin sanawda ýok.
“Tottenhem” Angliýanyň premýer-ligasynda möwsümi 17-nji ýerde tamamlady, ýöne Ýewropa ligasyny utmagy başardy – bu klubuň soňky 17 ýylda ilkinji kubogy boldy. Ýeňiş topara Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Tomusda klub baş tälimçini çalyşdy – Angelos Postekoglunyň deregine topara ozal “Brentfordda” işlän Tomas Frank ýolbaşçy boldy. Topardan liderleriň biri – günorta koreýaly hüjümçi Son Hyn Min gitdi (MLS-iň “Los-Anjeles” klubuna geçdi). Londonlylar Mohammed Kudusy we Matis Teli satyn aldy hem-de Žoao Palinýany kärendesine aldy. Jeýms Meddisonyň şikesi bolsa topary ýene bir esasy oýunçysyz galdyrdy.
Ozal klublar diňe bir gezek – 2017-nji ýylda ýarym resmi Halkara çempionlar kubogynda duşuşdy. Şol wagt “Tottenhem” 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....