Alymlar iň ýakyndaky gara girdaba zond ugratmagy teklip edýärler

  • 12.08.2025 16:50
  • 5.3k+

Alymlar gara girdaba kosmos apparatyny ibermek pikirini öňe sürdüler. Şunuň ýaly missiýanyň konseptini Şanhaýdaky Fudan uniwersitetiniň professory Kosimo Bambi beýan etdi diýip, Daily Mail habar berýär.

Barlagçynyň pikirine görä, apparat "nanogämi" - bolup geçýän zatlary ýazgy etmäge we olar hakda Ýere maglumatlary geçirmäge ukyply mikroçip bolar. Ol Gün ýelkeniniň - fotonlar bilen çaltlaşdyrylan ýuka, aşa ýeňil we giň gurluşyň kömegi bilen hereket etmeli.
Şuňa meňzeş tehnologiýa eýýäm ulanyldy: 2010-njy ýylda Ýaponiýanyň IKAROS ýelkeni planetalar arasy giňişlige çykdy we Weneranyň öňünden geçdi. Bu usulyň artykmaçlygy - zondy ýagtylygyň tizligine ýakyn tizlige çenli tizleşdirip bolýanlygynda. Professor mümkin bolan tizligi ýagtylygyň tizliginiň üçden bir essesine deň bolar diýip hasaplaýar. Munuň üçin güýçli lazer şöhlesi gerek bolar, sebäbi ýyldyzlaryň ýagtysy ýeterlik bolmazdy.
Lazeri işletmek üçin gaty köp çykdajynyň gerek boljakdygy sebäpli häzirki wagtda muny durmuşa geçirmek kyn. Şeýle-de bolsa, Bambi tehnologiýanyň ösmegi bilen bu missiýanyň ýakyn onýyllyklarda mümkin boljakdygyna ynanýar.
Bize iň ýakyn gara girdap - Gaia BH1, 1 560 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär we massasy Günüňkiden takmynan on esse köp. Ol maddany ýuwutmaýar we akkresiýa diski ýok, ýöne ýoldaş ýyldyzynyň hereketi bilen ýüze çykaryldy. Iň ýokary tizlikde-de zond oňa müňýyllyklaryň dowamynda uçup barar, ýöne professor entek açylmadyk gara girdaplaryň bize has ýakyn bolup biljekdigini çaklaýar.


düýn 16:08
2.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....