Türkmen talyplary DAAD maksatnamasy boýunça Germaniýada tomusky dil öwreniş okuwlaryny geçýärler

  • 12.08.2025 15:17
  • 5.1k+

28-nji iýuldan 30-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Germaniýanyň Akademiki Alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýada nemes dili boýunça tomusky okuwlara gatnaşýarlar.

Deslapky saýlama tapgyrynyň netijesinde dil tejribeligine Türkmenistanyň sekiz ýokary okuw mekdebinden 11 talyp girdi. Olaryň arasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bar.
Okuwlar Germaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň binýadynda häzirki zaman usullary boýunça tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Talyplar diňe dili öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, hünär derejesindäki bilimlerini giňeldýärler, aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürýärler, şeýle-de Germaniýanyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşýarlar.
DAAD — Germaniýada daşary ýurtly talyplar üçin iň iri talyp hakly gurama bolup, daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça Türkmenistanyň köp ýyllap dowam edýän hyzmatdaşydyr. 1997-nji ýyldan bäri onuň Aşgabatdaky wekilçiligi Germaniýada bilim almak, stipendiýalar we ylmy maksatnamalar boýunça maslahat berýär, şeýle hem maksatnama uçurymlary bilen aragatnaşyk saklaýar.
DAAD maksatnamalary ylym, bilim we medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşýar.


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......