Milliardlarça deňiz ýyldyzyny ýok eden bakteriýa ýüze çykaryldy

  • 10.08.2025 21:09
  • 4.3k+

Kanadaly we amerikaly biologlar dünýä ummanynda deňiz ýyldyzlarynyň milliardlarçasyny ýok eden, olary iglediji keseli (SSWD) döredijiniň Vibrio pectenicida atly bakteriýalaryň ştammydygyny anykladylar. Bu barada Hakaý institutynyň (Kanada) metbugat gullugy habar berdi.

Santa-Barbaradaky Kaliforniýa uniwersitetiniň dosenti Jono Uilson bu açyşyň Ýuwaş ummanynda günebakar deňiz ýyldyzlarynyň populýasiýasyny dikeltmek üçin möhümdigini aýtdy. Indi alymlar deňiz ýyldyzlaryny bu bakteriýalardan goraýan genleri gözläp bilerler, seçip alyş işlerini geçirerler we haýwanlary ýabany tebigata gaýtarmagyň usullaryny işläp düzerler.
Uilsonyň sözlerine görä, SSWD keseli onlarça ýyl bäri Ýuwaş ummanyň we beýleki sebitleriň arasynda ýaýramagyny dowam edýär. Ol deňiz ýyldyzlarynyň dürli görnüşlerine täsir edip, el-aýaklaryny dökmegine we bedenleriniň kem-kemden weýran bolmagyna sebäp bolýar. Wiruslaryň ýaýramagy ilkinji gezek 1970-nji ýyllarda Amerikanyň kenarlarynda bellige alyndy. Şondan bäri bu kesel Ýuwaş ummanynyň günebakar deňiz ýyldyzlarynyň 90 göterimini ýok etdi.
Keseliň ýokançly bolup biljekdigini öňem çaklaýardylar, ýöne 2018-2020-nji ýyllarda geçirilen synaglar bu çaklamany ret etdi.
Hakaý institutynyň Melani Prentisiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary 2023-nji ýylda Britan Kolumbiýasynyň kenarynda ýüze çykan ýokançly keseliň ýaýran wagtynda sagdyn we kesel deňiz ýyldyzlarynyň dokumalaryny seljerdi. Alymlar selomiki suwuklygyň (oňurgasyzlaryň ganyň ekwiwalenti) düzümini deňeşdirenlerinde, näsag haýwanlarda Vibrio pectenicida bakteriýasynyň öň belli bolmadyk ştammynyň öýjükleriniň bardygyny anykladylar.
Alymlar bakteriýalary laboratoriýada ösdürip ýetişdirdiler we sagdyn deňiz ýyldyzlaryna sanjym etdiler. Şondan soň basym haýwanlarda keseliň alamatlary peýda bolupdyr we soňra bolsa ölüpdirler. Bu bolsa hut şu bakteriýalaryň tapdan düşüriji keseliň döremegine sebäp bolýandygyny tassyklady.
Deňiz ýyldyzlary suwasty suwoty tokaýlyklaryny ýok edýän deňiz kirpileriniň sanyna gözegçilik etmekde möhüm rol oýnaýar.


şu gün 08:10
562

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
2.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.9k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......