Türkmen talyplary Bolgariýada matematika olimpiadasynda 7 medal gazandylar

  • 06.08.2025 18:19
  • 7.9k+

2025-nji ýylyň 27-nji iýuly – 3-nji awgusty aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 32-nji Halkara matematika bäsleşigi (32nd International Mathematics Competition for University Students, IMC-2025) geçirildi.

Olimpiada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) we Bolgariýa Respublikasynyň Amerikan Uniwersitetiniň (American University in Bulgaria) bilelikde gurnamagynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar berdiler.
Bu bäsleşik dünýäniň 52 döwletinden 434 talyp gatnaşdy. Ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylykinstitutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar olimpiadada üstünlikli çykyş edip şahsy hasapda 2 sany altyn medala, 2 sany kümüş medala we 3 sany bürünç medala mynasyp boldular.
Halkara matematika bäsleşigi (IMC) uniwersitet derejesindäki iň abraýly halkara ýaryşlaryndan biridir. Halkara matematika bäsleşigi (IMC) talyplar üçin iň uly we meşhur halkara matematika olimpiadalarynyň biridir. 1994-nji ýyldan bäri dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň toparlary oňa gatnaşýarlar. Halkara bäsleşigi iňlis dilinde geçirildi. Halkara matematika olimpiadasy 2 tapgyrdan ybarat bolup, türkmen ýaşlary Awstriýa, Belgiýa, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý, Kolumbiýa, Gollandiýa, BAE, ABŞ, Demirgazyk Makedoniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Fransiýa, Ekwador ýaly jemi 52 ýurtdan 434 gatnaşyjy bilen bäsleşdiler.
Iki günüň dowamynda talyplar algebra, derňew, kombinatorika we geometriýa ýaly ugurlar boýunça 4-5 meseläni çözdi.


şu gün 07:55
599

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

düýn 07:39
3.2k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......