Alymlar 6000 ýyl ozal ýaşan iki doganyň daşky keşbini dikeltdi

  • 06.08.2025 18:05
  • 10k+

Çehiýaly ylmy gözlegçiler alty müň ýyldan gowrak ozal ýaşan iki aýalyň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Archaeological and Anthropological Sciences žurnalynda neşir edilen makalada hakyky 3D modelini döretmegiň kriminalistika, arheologiýa we genetika usullarynyň utgaşdyrylmagy netijesinde mümkin bolandygy aýdylýar.

Skeletler 15 ýyl töweregi ozal Günorta Morawiýadaky (Çehiýa) Krumlow tokaýynda, daş enjamlaryny we gurallaryny ýasamak üçin ulanylan çakmak daşlarynyň gadymy şahtalarynyň birinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy. Bu ýerde daş gazyp almak goloseniň başyndan irki demir asyryna çenli dowam edipdir.
Zenanlar şahtada jaýlanypdyr: olaryň biri çagany döşüne gysyp saklan eken, gapdalynda bolsa itiň galyndylary bar. Radiouglerod seljermesi mazaryň b.e.öň 4340-njy we 4050-nji ýyllar aralygyna degişlidigini görkezdi.
Genetiki seljerme aýallaryň, ähtimal, hakyky dogan bolandygyny görkezdi. DNT we saklanyp galan kelleçanaklaryň seljermesi olaryň daşky keşbiniň aýratynlygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Kiçi doganyň goýy reňkli saçy we goňur ýa-da ýaşyl gözleri, uly doganyň bolsa ýiti reňkli saçy we gök gözleri bolupdyr diýlip çak edilýär.
Hasaplamalar aýallaryň ikisiniň hem boýunyň, takmynan, 146-148 sm, ýaşynyň bolsa 30-40 ýaş bolandygyny görkezdi. Süňklerde agyr zähmetiň, dogumyň we şikesleriň yzlary ýüze çykaryldy. Güýçden gaçan oňurga, irki artrit alamatlary, oňurga ingisi we bölekleýin biten döwükler aýallaryň agyr şikeslere garamazdan işlemegi dowam etdirendigini görkezýär. Uly doganda bilegiň döwlendigi hem ýüze çykaryldy. Ylmy gözlegçiler aýallaryň işlän şahtasynda jaýlanandygyny öňe sürýär.
Izotop seljermesi çagalykda ýeterlik iýmitlenmändigine garamazdan, uly ýaşda aýallaryň köp et iýendigini görkezýär – bu bolsa neopolit ýewropalylary üçin mahsus däldir.
Ýöne käbir zatlar düşnüksiz bolmagynda galýar. Mysal üçin, çaga aýallaryň garyndaşy däl eken. Kiçi itiň saklanyp galan skeleti hem bellibir derejede sorag döredýär. Alymlar gürrüňiň däp-dessur häsiýetli gurban etme bilen baglanyşykly bolup biljekdigini öňe sürýär. Şahtalaryň şol döwürde dini ähmiýete eýe bolan bolmagy-da mümkin.


düýn 17:05
2.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....

22.05.2026 15:43
3.3k+

Astronomlar 118 ekzoplanetanyň bardygyny tassykladylar, olaryň käbiriniň bir ýyly 24 sagat dowam edýär

Worwik uniwersitetiniň astronomlary 118 ekzoplanetanyň bardygyny tassykladylar, olaryň käbiri öz ýyldyzynyň daşyndan 24 sagada ýetmän aýlanyp çykýar....

22.05.2026 15:41
3.6k+

Ylmy barlaglar adamlaryň kellesiniň soňky 100 ýylda has togalanandygyny ýüze çykardy

Adamyň kelleçanasynyň gurluşy soňky 100 ýylyň içinde ep-esli üýtgedi. Ýaponiýaly alymlaryň gelen şeýle netijesine esaslanýan ylmy iş American Journal of Biological Anthropology žurnalynda çap edildi....

21.05.2026 16:24
2.8k+

Colossal Biosciences-yň alymlary ägirt uly moa guşuny «direltmäge» golaýlaşdy

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy ýok bolup giden haýwan görnüşlerini dikeltmek ugrunda uly öňegidişlik gazanandygyny yglan etdi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar emeli......