Tankytçylar “Dünýäleriň urşy” skrinlaýf-filmine 0% baha berdi

  • 06.08.2025 17:55
  • 4.9k+

30-njy iýulda Amazon Prime akym hyzmatynda Gerbert Uellsiň “Dünýäleriň urşy” (Война миров) romany esasynda täze film çykdy. Bu “skrinlaýf” formatda düşürilen film bolup, onda ähli wakalar kompýuter we telefon ekranlarynda bolup geçýär. Filmde baş keşpleriň birini repçi Ice Cube ýerine ýetirdi.

Filmiň režissýory hökmünde klipmeýker Riç Li çykyş etdi. Taslamanyň prodýuserleriniň biri Timur Bekmambetow (“Aýratyn howply”, “Hardkor”) boldy. 
Film deslapky mahabat bolmazdan diýen ýaly çykdy – treýler film çykmazyndan bir hepde öň peýda boldy. Tankytçylar we tomaşaçylar filmi sowuk garşylady.
Rotten Tomatoes saýtynda taslama kino tankytçylaryndan 0% reýtingi aldy. Platformanyň ulanyjylary bolsa ony 100-den 11% bilen bahalandyryp, onýyllygyň iň ýaramaz filmi ady üçin esasy dalaşgärleriň biri diýip atlandyrdy.
Esasy nägilelikleriň arasynda ssenariniň gowşaklygy, “Dünýäleriň urşunyň” beýleki wersiýalaryndan sahnalaryň göçürilip alynmagy we gizlin mahabatyň köplügi bar. Käbir tomaşaçylar filmi “Amazon-yň iki sagatlyk mahabat wideosy” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Skrinlaýf stilinde “Dünýäleriň urşy” ideýasynyň özi gyzykly, ýöne bu ýerde ähli zat: gowşak aktýorlykdan we bulaşyk sýužetden başlap, başga planetalylaryň görkezilişine we ýüregedüşgünç mahabata çenli nädogry edilipdir. Bu aýylganç” – diýip, synçylaryň biri belledi.

Şeýle-de, platforma agza bolandygyňa garamazdan çykýan mahabatlar aýratyn tankyda getirdi.

“Ýazylan bolsaňyz-da, Amazon-yň edýän zatlarynyň 90 minutlyk doly metražly mahabatyny görmek üçin siz iki minutlyk mahabaty görmeli” – diýip, ýene bir synçy ýazýar.

“Görnüşi ýaly, Ice Cube filmi düşürmek işiniň bir gün irden stolunyň başynda ertirligini iýýänçä bolmak şerti bilen filme gatnaşmaga razy bolan bolmaly” diýip, ýene bir synda bellenilýär.


düýn 23:09
1.1k+

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....

düýn 07:36
3.6k+

«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi....

16.05.2026 19:49
3.6k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

16.05.2026 11:29
1.8k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....