Timur Bekmambetowdan “Dünýäleriň urşy” filminiň treýleri çykdy: ol skrinlaýf görnüşde düşürildi

  • 27.07.2025 22:43
  • 9.4k+

Prime Video akym hyzmaty Gerbert Uellsiň “Dünýäleriň urşy” (Война миров) romanynyň täze skrinlaýf-ekranlaşdyrmasynyň treýlerini hödürledi.

Filmde baş keşbi repçi Aýs Kýub ýerine ýetirdi. Sýužet Homeland Security-dan kiberhowpsuzlyk boýunça analitik Uill Redforda ünsi jemleýär. Gahryman köpçülikleýin yzarlaýyş ulgamynyň kömegi bilen bolup biljek howplary yzarlaýar. Birden hem Ýerden daşary siwilizasiýanyň hüjüminiň şaýady bolýar.
Filmiň režissýory bolup klipmeýker Riç Li çykyş etdi.
Taslamanyň prodýuserleriniň biri Timur Bekmambetow (“Aýratyn howply”, “Hardkor”) boldy. Ol öz filmlerinde skrinlaýf formatyny ilkinji gezek ulanmaýar. Prodýuser bu stili esasy ösdürijileriň biri hasaplanýar. Skrinlaýf görnüşde düşürilen filmlerde ähli wakalar kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň ekranynda bolup geçýär. Şeýle format “Dost däl” (Убрать из друзей / 2014), “Gözleg” (Поиск), “Profil” (Профиль), “Dost däl: Darknet” (Убрать из друзей: Даркнет / üçüsi-de – 2018), “Dereksiz ýiten” (Пропавшая без вести, 2023) filmlerinde giňden ulanyldy.
Täze filmiň aktýorlar düzümine Ýewa Longoriýa, Klark Gregg, Andrea Sewej we beýlekiler girdi.
Film 30-njy iýulda göni onlaýn görnüşde çykar.
Gerbert Uellsiň romany eýýäm ençeme gezek ekranlaşdyryldy. Olardan iň bellileriň biri režissýor Stiwen Spilbergiň baş keşpde Tom Kruz bilen düşüren filmi hasaplanýar.


şu gün 12:24
460

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

şu gün 08:41
876

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.3k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....