Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, astronomlar sagatlary deňeşdirip gördüler

  • 06.08.2025 16:19
  • 6.3k+

Marsda wagt Ýerdäkiden has çalt geçýär, ol ortaça günde 477 mikrosekunt tapawut berýär. Bu barada astronomlar Arxiv.org-da ýakynda çap edilen makalada gürrüň berdiler.

Astronomlar Gyzyl planetada boljak geljekki koloniýa üçin Mars üçin utgaşdyrylan wagtyny girizmegi teklip etdiler.
Alymlar wagtyň akymynyň dartyş güýjüne we hereketiň tizligine baglydygyny düşündirdiler. Dartyş güýji we hereket näçe çalt bolsa, wagt şonça haýal geçýär. Bu kanunalaýyklyk ýüz ýyldan gowrak ozal Albert Eýnşteýn tarapyndan Umumy degişlilik nazaryýetinde beýan edilipdi. Muny 1971-nji ýylda uçardaky we Ýerdäki atom sagatlaryny deňeşdirmek netijesinde synag arkaly tassyklandy. Sagat 10 kilometr belentlikde birnäçe nanosekunt çalt işledi, Halkara kosmos stansiýasynda bolsa wagt ondanam çalt geçdi.
Marsda wagt has çalt geçýär, sebäbi ol ýerde dartyş güýji Ýeriňkiden 0,38 tapawutly. Günüň dartyş güýji we oňa çenli aralyk hem möhümdir: Mars Günden aňyrda, bu onuň ýerli wagtynyň akymyny çaltlaşdyrýar. Mundan başga-da, Marsyň orbitasy tegelek däl, şonuň üçin hem Günüň dartyş güýjüniň derejesi ýylyň dowamynda üýtgäp durýar.
Mars orbitada Ýerden has haýal hereket edýär - sagatda 107 müň kilometr bolmagyň deregine, 86 müň kilometre deňdir. Bu kinematiki haýallaşma sebäpli wagtyň akymyna täsir edýär.
Şeýle hem barlag wagtynda Ýerdäki we Aýdaky sagatlary deňeşdirdiler: Aýda wagt Ýerdäkiden günde 6 mikrosekunt öňde durýar.
Bu tapawutlar ujypsyz hem  bolsa, kosmonawtika üçin möhümdir - uçuşlar, aragatnaşyk we nawigasiýa hasaplanylanda, hatda bir sekundyň bölekleri hem göz öňünde tutulýar. 2024-nji ýylda Halkara Astronomiýa Bileleşigi Aýyň utgaşdyrylan wagtyny girizmegi teklip etdi. Indi alymlar geljekki planetaara missiýalaryny sinhronlamak üçin şuňa meňzeş Mars wagtyny döretmegiň zerurdygyna ynanýarlar.


08.06.2026 16:45
3.5k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....