“Tomus, güýz, gyş, zibil...” Alymlar täze möwsümleriň dörändigini öňe sürýär

  • 02.08.2025 07:41
  • 12k+

Londonyň ykdysadyýet mekdebiniň we Beýik Britaniýadaky Ýork uniwersitetiniň alymlary adamzat işiniň Ýeriň tebigy sazlaşygyny düýpgöter üýtgedendigini aýdýar. Bu hem täze möwsümleriň – “tüsse” we “zibil” möwsüminiň peýda bolmagyna getirdi diýip, ylmy gözlege salgylanyp, Live Science habar berýär.

Alymlaryň nygtamagyna görä, “tüsse” möwsümi her ýyl Günorta-Gündogar Aziýanyň käbir ýerlerinde, haçan-da Indoneziýada we Malaýziýada torfluk ýerler, Hindistanda bolsa hasylyň galyndylary ýakylanda peýda bolýar.
“Zibil” möwsümi dekabrdan mart aýy aralygynda dowam edýär we Balide hasaba alynýar. Bu ýerde musson ýelleri we umman akymlary kenara birnäçe tonna plastik galyndylaryny getirýär. 2025-nji ýylda üç aýyň içinde kenarda 3 müň tonnadan gowrak zibil ýygnaldy. Şeýle ýagdaýlar Filippinlerde, Tailandda we ABŞ-da hem bolup geçýär.
Şeýle-de, alymlar adaty pasyllaryň kem-kemden gysgalýandygyny belleýär. Mysal üçin, Alplarda gyş gysgalýar, ýagýan gar bolsa azalýar. Mundan başga-da, möwsümlerde adatdan daşary howa şertleri ýüze çykýar.
Ylmy jemgyýetde “sazlaşyksyz” möwsüm düşünjesi girizildi – bu döwürde adaty möwsümleýin wakalaryň wagty üýtgeýär (mysal üçin, guşlaryň göçmegi, güllemegiň ýa-da ýapraklaryň gaçyp başlamagy). Şeýle üýtgemeler ekoulgamy bozup, millionlarça adamyň saglygyna howp salýar we ykdysady ýitgilere getirýär. 


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....