“Bawariýa” 75 mln ýewro “Liwerpuldan” Luis Diasy aldy

  • 31.07.2025 13:13
  • 5k+

Luis Dias resmi taýdan Mýunheniň “Bawariýasynyň” oýunçysy boldy. Klub kolumbiýaly wingeriň “Liwerpuldan” geçendigini we onuň bilen 2029-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli dörtýyllyk şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi.

KHBS-iň maglumatlaryna görä, transfer mukdary bonuslary göz öňünde tutup 75 mln ýewro boldy. Täze klubda Dias 14-nji belgide oýnar.

“Bize Premýer-liganyň iň gowy çep wingerleriniň biri bolan Luis Diasy almak başartdy. Ol toparymyza möhüm goşant goşup, Bundesligany baýlaşdyrar. Biz “Liwerpula” dogruçyl we çynlakaý gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirýäris” – diýip, “Bawariýanyň” baş direktory Ýan-Kristian Drizen şertnama gol çekmek dabarasynda aýtdy.

Diasyň özi hem bu waka teswir berdi. “Diýseň begenýärin. Meniň üçin dünýäniň iň uly klublarynyň biri bolan “Bawariýanyň” bir bölegi bolmak köp zady aňladýar. Meniň maksadym – mümkin bolan her bir tituly gazanmak we biz her gün topar bolup bu ugurda zähmet çekeris” – diýip, futbolçy aýtdy.


Dias 28 ýaşynda. Ol Kolumbiýanyň “Barrankilýa” we “Atletiko Hunior” klublarynda karýerasyna başlady, soňra “Portu” (Portugaliýa) toparyna goşuldy. 2022-nji ýyldan bolsa “Liwerpulda” çykyş etdi. Iňlis klubunyň düzüminde futbolçy 148 oýna gatnaşyp, 41 gol geçirdi we 23 assist etdi. Ol Premýer-ligany, Angliýanyň Kubogyny we başga-da birnäçe milli kuboklary utdy.
Kolumbiýanyň milli ýygyndysy üçin Dias 2018-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol milli toparyň düzüminde 64 oýunda 19 gol geçirdi we 2021-nji ýylda Amerikanyň Kubogynyň iň gowy bombardiri boldy.


düýn 23:41
2.7k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.5k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......