Türkmenistanda giriş synaglary başlandy

  • 30.07.2025 19:00
  • 11k+

Şu gün, 30-njy iýulda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary badalga aldy. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.

Ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resmi iş kagyzlary 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edildi, maliýe-ykdysady ugurly hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine bolsa resmi iş kagyzlary 2025-nji ýylyň 14 -nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul ediler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyby, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär.
Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 4 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 5, magistr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlyk ugry açylar.
Şu okuw ýylynda ýurdumyzda
 eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki ilkinji ýokary hünär bilimi edarasy — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda makullanyp, täze döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine şu ýyl 500 talyby kabul etmek göz öňünde tutulýar.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça binagärlik, binagärlik gurşawynyň dizaýny, senagat we raýat jaý gurluşygy, gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy, agronomçylyk, azyk önümleriniň tehnologiýasy, weterinar lukmançylygy, senagat balykçylygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (telekeçilikde), işewürlik we telekeçilik, söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar, halkara işewürlik, işewürligi dolandyrmak, işewürlik hukugy ulaldylan topar boýunça taýýarlygyň ugurlaryna talyplyga kabul eder. Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda, türkmen we iňlis dillerinde geçiler. Okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl — türkmen we iňlis dilleri boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamalary boýunça okuw) deň bolar.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......