NASA Ýeriň magnit galkanyny öwrenmek üçin TRACERS zonduny uçurdy

  • 28.07.2025 17:47
  • 2.3k+

NASA Ýere golaý giňişlikde magnit birikdiriş hadysalaryny öwrenmek üçin TRACERS missiýasyna başlady. Munuň üçin ol Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos merkezinden SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasyny ulandy.

Bu missiýa Ýeriň şol bir meýdançalarynyň üstünden biri-birinden 10 sekunt aralykda tirkeşip uçjak ekiz hemralara esaslanýar. Olar magnit meýdanynyň çyzyklarynyň, zarýadly bölejiklerini çaltlaşdyrmak bilen utgaşýan, üzňeleşişini we täzeden birigişini jikme-jik ýazmak üçin ýylda 3000-den gowrak ölçeg işini geçirer.
Apparat Ýeriň magnit meýdanynyň atmosfera girýän sebiti bolan demirgazyk polýar depesinden geçýän orbitada ýerleşdirildi. Bu magnitosferanyň Gün ýeli bilen, esasanam polýar sebitinde özara täsirleşmesini synlamaga mümkinçilik berer. Missiýanyň işlemeli möhleti bir ýyl töweregi wagt diýip göz öňünde tutuldy.


TRACERS bilen bir wagtda başga-da üç sany kiçi barlag apparaty orbita çykaryldy. Afina EPIC missiýasy kiçi emeli hemralary çalt taýýarlamagyň logistikasyny we ykdysadyýetini öwrener, şeýle hem Ýeriň uzak tolkun şöhlelerini ölçär. PExT apparaty ilkinji gezek hökümet we täjirçilik ulgamlarynda dürli aragatnaşyk usullarynyň arasynda onda-oňa geçmek synagyny geçirer. REAL missiýasy Wan Alleniň töweregindäki radiasiýa guşaklaryndan elektronlaryň ýitgilerini öwrener.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....