“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri rekord goýdy

  • 26.07.2025 14:46
  • 5.7k+

“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri wideolaryň Red Band wersiýalarynyň arasynda tomaşa sany boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, wideonyň ýaş çäklendirmesi bolan wersiýasy ilkinji 24 sagatda 106,8 mln tomaşa ýygnady. Bu “Öz janyna kast edijileriň topary: Parran missiýasy” (58,5 mln), “Dedpul 2” (52 mln) ýaly filmleriň we “Mortal Kombatyň” öňki bölüminiň (47 mln) netijelerinden ýokary boldy.
Täze filmiň ilkinji treýlerinde baş gahryman hökmünde Karl Urbanyň ýerine ýetirmeginde Jonni Keýj görkezilýär. Muşdaklaryň pikiriçe, awtorlar öňki filmdäki kemçilikleri göz öňünde tutupdyrlar we onuň dowamy auditoriýada uly gyzyklanma döredýär.
Birinji film dünýä prokatynda 84 mln dollar gazandy, ýöne ol kinoteatrlarda we ABŞ-da HBO Max platformasynda bir wagtyň özünde çykdy, bu hem girdejilere täsir etdi. Ikinji bölüm diňe kinoteatrlarda çykarylar. Bilermenleriň hasaplamasy boýunça, 68 mln dollar býujetde filme çykdajylary ödemek üçin 200 mln dollar töweregi gazanmak gerek.
“Mortal Kombat 2-niň” premýerasy 23-nji oktýabra meýilleşdirilýär. Prokatda ol “Tron: Ares” (9-njy oktýabr) we “Gara tefefon 2” (16-njy oktýabr) bilen bäsleşmeli bolar.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......