Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli Aýda öz bazasyny gurar

  • 26.07.2025 11:55
  • 5.1k+

Günorta Koreýa 2045-nji ýyla çenli  Aýda öz bazasynyň gurluşygyny tamamlamagy meýilleşdirýär. Aeroskosmos tehnikasy boýunça Döwlet koreý edarasy (KASA) degişli meýilnamany Tejondaky Koreýanyň Milli gözleg gaznasynda geçirilen ýygnakda hödürledi diýip, The Korea Times habar berýär.

Strategiýa ylmy missiýalary geçirmegi we Aý infrastrukturasyny döretmegi göz öňünde tutýar. Gözleg dört ugurda alnyp barlar: Ýere golaý orbita, geliosfera, uzak kosmos we Aý. 2040-njy ýyla çenli gonuş modulyny işläp taýýarlamak, onuň uçuşyny bolsa 2045-nji ýyldan gijä galman amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Enjam Ýeriň hemrasynyň üstüne geljekki ylmy bazanyň böleklerini elter. Şeýle-de, Hanwha Aerospace-iň gatnaşmagynda täze nesil KSLV-III raketa göterijisini döretmek meýilleşdirilýär. Ozal ol 2032-nji ýylda uçurylar diýlip garaşylypdy, häzir täze meýilnama has gysga möhleti we has kuwwatly gonuş modulyny göz öňünde tutýar.
2025-nji ýylyň ýazynda Koreýanyň geologiýa ylymlary we mineral baýlyklar instituty (KIGAM) taşlanan Hamthe kömür şahtasynda Aýda ýöreýän enjamlaryny synagdan geçirdi.
Şeýlelikde, Günorta Koreýa Aýda orun almak üçin halkara ýaryşyna işjeň goşulýar. Şeýle programmalar ABŞ, Hytaý, Ýewropa ýurtlary we Russiýa tarapyndan hem durmuşa geçirilýär.
ABŞ 2027-nji ýylda Artemis maksatnamasynyň çäklerinde astronawtlary Aýa eltmegi meýilleşdirýär, ýöne tehniki we maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Hytaý hem onýyllygyň ahyryna çenli Aýa adamy gondurmaga çalyşýar. Ýurtlaryň ikisi-de tebigy baýlyklara, ilkinji nobatda, buz görnüşindäki suwa baý bolan Günorta polýusa ýetmäge synanyşýar. Amerikalylar Hytaýyň bu ýaryşda öňdebaryjy we tebigy baýlyklara elýeterli bolmagyny öz bähbitleri üçin howp hasaplaýar.


düýn 16:08
3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....