Geljekki Redmi Turbo 5 flagmanynyň aýratynlyklary we bahasy belli boldy

  • 25.07.2025 11:49
  • 8.7k+

Täze Redmi Turbo 5 smartfonynyň esasy aýratynlyklary belli boldy. Smartfonyň şu çärýegiň ahyryna çenli resmi taýdan görkezilmegine garaşylýar diýip, Gizmochina ýazýar.

Maglumatlara görä, smartfon Qualcomm Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryna hem-de 120 Gs täzelenme ýygylygy we QHD+ durulygy bilen 6,78 dýuýmlyk AMOLED displeýine eýe boldy. Iň ýokary ýagtylygy 1 800 nit bolan ekran HDR10+ tehnologiýasyny goldaýar, bu hem reňkleriň ýiti we ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.
Esasy kamera optiki durnuklaşdyrma bilen 200 Mp Sony IMX989 sensoryndan, 12 Mp giňburçly moduldan we 8 Mp teleobýektiwden ybarat.
5 500 mA/sag sygymly akkumulýator 120 Wt çalt zarýad alşy goldaýar, bu hem smartfona 25 minutda doly zarýad bermäge mümkinçilik berýär.
Smartfon IP68 goragy bilen metal korpusa eýe boldy. Yzky panelde lazer awtofokusy we yşyk diodly ýagtylandyryş bilen tegelek kamera moduly ýerleşdirildi.
Gurluş 12 GB operatiw ýat, 256 ýa-da 512 GB içki ýat, ekranyň aşagynda barmak yzynyň skaneri, NFC, stereodinamikler we USB-C porty bilen üpjün edildi.
8 GB operatiw we 256 GB içki ýatly esasy wersiýanyň bahasy 399 dollara barabar bolar.


18.01.2026 10:31
5.9k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...