"Team Spirit" topary Er-Riýadda Dota 2 boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

  • 21.07.2025 23:49
  • 5.2k+

Team Spirit topary Riýadda geçirilýän Dünýäniň kibersport çempionatynyň çäklerinde Dota 2 ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada RBK habar berdi.

Team Spirit grand-finalda kartalarda Saud Arabystanynyň Team Falcons toparyny 3-0 hasabynda ýeňdi. Üçünji orny Russiýanyň Parivision topary eýeledi.
Team Spirit ýaryşda ýeňiji bolany üçin 1 million dollar alar. Finalçylara 500 000 dollar, bürünç medal gazananlara 300 000 dollar möçberinde pul baýragy berler.
Ýeňiji topara ruslar Denis Sigitow (Larl), Magomed Halilow (Collapse), Aleksandr Filin (rue), Ýaroslaw Naýdenow (Miposhka) we ukrainaly Ilýa Mulýarçuk (Yatoro) dagylar girdi.
Team Spirit - esasy ofisi Belgradda bolan halkara kibersport guramasydyr. Toparyň oýunçylarynyň köpüsi Russiýadan we Ukrainadan. Klubuň web sahypasyndaky maglumata görä, ofis 2022-nji ýylyň mart aýynda Moskwadan Serbiýanyň paýtagtyna geçirildi.
Şeýle hem, Team Spirit 2021-nji we 2023-nji ýyllarda iki gezek iň uly Dota 2 ýaryşynda — The International-da ýeňiji bolupdy. Topar CS2, PUBG Mobile, Hearthstone we Mobile Legends sport görnüşlerine-de wekilçilik edýär.


22.05.2026 07:24
9.9k+

Garaşylan ýeňiş: Ronaldu «Al-Nasr» bilen Saud Arabystanynda ilkinji kubogyny aldy

«Al-Nasr» futbol kluby Saud Arabystanynyň çempionatynyň soňky — 34-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Damak» toparyny 4:1 hasabynda utdy we Kriştianu Ronaldu topara geçeni bäri ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

04.04.2026 15:00
9.9k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

16.03.2026 16:43
3.7k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...