Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
- Himiki-bakteriologiki derňewiň laboranty
- Elektromontýor
- Aragatnaşygyň operatory
- Tikinçi-biçimçi
- Arhiwçi
- Dokma önümçiliginiň kömekçi ussasy
- Dokma senagatynyň enjamlaryny gurnaýjy slesar
- Aşpez-konditer tehnology
- Buhgalterçilik işi
- Menejment
- Kompýuter torlaryny sazlaýjy
- Binagär bezegçi
- Senagat we raýat jaý gurluşygynyň ussasy
- Awtomehanik
- Nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat ediji hem-de abatlaýjy ussa
- Geodeziýaçy
- Aragatnaşyk ulgamynyň enjamlaryny gurnaýjy we sazlaýjy
- Çakyr we miwe suw önümçilik tehnologiýasynyň operatory
- Nebit-himiýa önümçiliginiň operatory
- Stanok we slesar işleriniň gözegçisi
- Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça operator
- Telekeçilik işi
Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
7-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.
Salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etr., Senagat köçesiniň 37-nji jaýy,
Telefonlar: +993 (12) 33-43-85; +993 (12) 33-40-08.