Kriptobazaryň kapitalizasiýasy 4 trln dollara golaýlady

  • 19.07.2025 13:02
  • 3.1k+

Dünýäniň kriptowalýuta bazarynyň kapitalizasiýasy rekord 3,91 trln dollara ýetip, täze taryhy görkezijä golaýlady. Sanly aktiwlere bolan gyzyklanmanyň ýokarlanmagy bilen esasy walýutalaryň bahasy hem ösdi.

Bitkoiniň bahasy ýene-de ýokary galyp, 14-nji iýulda hasaba alnan iň ýokary derejä golaýlady – 123 müň dollardan gowrak.
Ethereum-yň (ETH/USDT) bahasy anna güni 3,6 müň dollardan geçip, 2024-nji ýyldan bäri iň ýokary netijäni görkezdi. XRP (Ripple) hem ýanwar aýynda goýlan taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. 3,6 müň dollardan geçenden soň, onuň bahasy peselip başlady.
Maýadarlaryň kriptowalýutalara bolan isleginiň güýçlenmegi ABŞ-nyň häkimiýetleriniň sanly aktiwler boýunça düzgünleri gowşatmagy bilen baglanyşdyrylýar. Zähmet ministri ozal kriptowalýutalaryň pensiýa goýum maksatnamalaryna girizilmegine gadaganlygy ýatyrdy.
Prezident Donald Tramp hem ownuk kriptowalýuta amallary üçin salgytlaryň ýatyrylmagyny goldady. Bir gün öň ABŞ-nyň Kongresiniň wekiller palatasy pudagyň düzgünlerini gowşatmagy göz öňünde tutýan kanun taslamalaryny tassyklady.
Ýöne bu hereketleriň garşydaşlary hem bar. Tankytçylar Trampyň syýasatynyň korrupsiýa we kriptowalýutalary ulanmak arkaly kezzapçylyga ýardam edip biljekdigini belleýär.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...