Wengriýanyň iň köne kitaphanasynda agaç tomzaklary ýüz müňlerçe seýrek kitaplara hüjüm etdi

  • şu gün 12:27
  • 3.9k+

Wengriýanyň iň gadymy kitap toplumy bolan Pannonhalmadaky orta asyr monastyr kitaphanasynyň işgärleri agaç tomzagy zerarly zeper ýeten 100 000 töweregi seýrek kitaplary gyssagly dezinseksiýa etmeklige girişdiler.  Bu tomzaklar diňe bir ýüň, sütük we deri önümlerine däl, eýsem kitaplara-da zyýan ýetirýär diýip, Independent neşiri ýazýar.

Tomzaklar meýilnamalaýyn arassaçylyk işleri geçirilýärkä tapyldy. Işgärler adaty bolmadyk tozan gatlaklaryny we kitaplaryň gyralaryna zeper ýetenini gördüler. Soňra zyýankeşleriň tutuş topluma ýaýrandygy anyklandy. Tomzaklary gadymy sahaplarda bolýan ýelimiň želatin we krahmal ýaly bölekleri özüne çekýär.
Hünärmenleriň baha bermegine görä, mör-möjekler binanyň içine penjirelerinden, gapylaryndan ýa-da adamlaryň eşiklerine ýapyşyp giren bolmagy mümkin. Temperaturanyň we çyglylygyň ýokary bolmagy olaryň köpelmegini aňsatlaşdyran bolmaly. Olaryň ýaýramagy görlüp-eşidilmedik derejä ýetipdir.

Kitap saklanýan ýeriň hünärmenleri seýrek küti kitaplary tekjelerden el bilen düşürdiler we olary germetik plastik gaplara ýerleşdirdiler. Golýazmalar şol ýerde alty hepde kislorodsyz saklanar. Işgärler bu döwürde ähli mör-möjekleriň öljekdigine umyt edýärler. Ondan soň her bir neşir tozan sorujynyň kömegi bilen arassalanar we gözden geçiriler. Zeper ýeten nusgalar dikeltmek üçin iberiler.
Taslamanyň ýolbaşçysy Žofia Edit Haýduwyň sözlerine görä, kolleksiýanyň ep-esli bölegi möjekläpdir we tutuş ýygyndyny arassalap çykmak gerek. Wengriýanyň hökümeti munuň üçin 100 million forint (290 müň dollardan gowrak) grant berdi.

Pannonhalmadaky abbatlyk Wengriýa Patyşalygy döremezden dört ýyl öň 996-njy ýylda esaslandyryldy. Benedikt ybadathanasynyň kitaphanasy Wengriýanyň iň gadymy kitaphanasy hasaplanýar we ÝUNESKO-nyň sanawyna giren medeni mirasdyr. Onda XIII asyryň Injili, XV asyryň ortalarynda kitap çap etmek işi ýüze çykmazdan  ozal peýda bolan ýüzlerçe golýazma we XVI asyryň on müňlerçe kitaby ýaly 400 000 töweregi kitap bar.


12.05.2025 16:19
5.4k+

Wengriýada sönen wulkanyň üstünden syrly taýpanyň gadymy artefaktlary tapyldy

Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b...

06.02.2025 09:43
1.7k+

Zamananyň opera ýyldyzlary Dimaş Kudaýbergen bilen meşhur “My Way” aýdymyny ýazdy

Dünýä belli tenorlar Plasido Domingo we Hose Karreras, meşhur gazagystanly aýdymçy Dimaş Kudaýbergen we wiolonçel çalýan Stepan Hauzer “Virtuosos” taslamasynyň çäklerinde özboluşly kwarteti emele getirdi. Olar...

31.12.2024 18:02
7.2k+

Wengriýaly suratkeş LEGO-dan doly göwrümli tramwaý ýygnady. Ol 1,8 million bölekden ybarat

Budapeştiň merkezinde LEGO-nyň 1,8 million bölejiginden ýasalan özboluşly tramwaý peýda boldy. 11 metrlik gurluşy wenger suratkeşi Balaž Doçi ýygnady diýip, South China Morning Post habar berýär. Doçiniň sözlerine...

09.08.2024 10:45
2.9k+

Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

8-nji awgustda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň...