Wengriýada sönen wulkanyň üstünden syrly taýpanyň gadymy artefaktlary tapyldy

  • 12.05.2025 16:19
  • 5.2k+

Arheologlar Günbatar Wengriýanyň Şomlo depesinden ýaşy 3400 ýyla çenli bolan alty sany seýrek metal hazynany tapdylar. Olaryň bäşisi giçki bürünç asyry döwrüne (b.e. öňki 1450–800-nji ýyllar), biri irki demir asyryna (b.e. öňki 800–450-nji ýyllar) degişlidir diýip, Arkeonews neşiri ýazýar.

Gazuw-agtaryş işleri 427 metr beýiklikdäki sönen wulkanyň üstünde geçirildi. Gözleg işlerinde metal gözleýjiler, magnit aňtawy, lidar we meýdan barlaglary ulanyldy. Tapyndylaryň köpüsi günorta-gündogar platoda jemlenipdir.
Jemi 900-den gowrak metal predmet tapyldy. Olaryň arasynda şaý-sepler, gülýakalar, bezeg diskleri (ähtimal harby tapawutlandyryş nyşanlary) we seýrek alp görnüşli naýza bar.


Iki hazyna keramiki küýzelerde gömlüpdir. Olary döwmän, tutuşlygyna çykarmak başartdy. Arheologlar gaplaryň bitewiligini bozmazdan, olaryň içindäki zatlaryň ýerleşiş tertibi öwrenmek üçin KT barlagyny geçirdiler.
Barlagçylaryň pikirine görä, artefaktlaryň düzümi we ýerleşişi söweşiji elita bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň bardygyny görkezýär. Ozal şu sebitden irki demir asyryna degişli, jaýlanyş bilen bagly zatlary öz içine alýan mazarlar tapylypdy.
Şol döwürde bu ýerde kimleriň ýaşandygy entek takyk belli däl. Şeýle-de bolsa, tapyndylar bürünç we demir asyrlarynyň arasyndaky geçiş döwründe sebitiň medeniýeti, däp-dessurlary we mirasy barada pikirlenmek üçin maglumat berýär.


06.02.2025 09:43
1.6k+

Zamananyň opera ýyldyzlary Dimaş Kudaýbergen bilen meşhur “My Way” aýdymyny ýazdy

Dünýä belli tenorlar Plasido Domingo we Hose Karreras, meşhur gazagystanly aýdymçy Dimaş Kudaýbergen we wiolonçel çalýan Stepan Hauzer “Virtuosos” taslamasynyň çäklerinde özboluşly kwarteti emele getirdi. Olar...

31.12.2024 18:02
7.2k+

Wengriýaly suratkeş LEGO-dan doly göwrümli tramwaý ýygnady. Ol 1,8 million bölekden ybarat

Budapeştiň merkezinde LEGO-nyň 1,8 million bölejiginden ýasalan özboluşly tramwaý peýda boldy. 11 metrlik gurluşy wenger suratkeşi Balaž Doçi ýygnady diýip, South China Morning Post habar berýär. Doçiniň sözlerine...

09.08.2024 10:45
2.8k+

Wengriýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy

8-nji awgustda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin türkmen suratkeşleriniň, medeni we sungat işgärleriniň, kino pudagynyň wekilleriniň...

05.08.2024 11:29
2.1k+

Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

6-11-nji awgust aralygynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Türkmenistan Habarlar portalynyň beýan etmegine görä, ýurdumyzyň meşhur halk we estrada aýdymçylaryndan, sazandalaryndan, folklor...