Belizde maýalaryň gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary - Te Kaab Çaakanyň mazary tapyldy

  • 16.07.2025 06:12
  • 5.2k+

Hýuston uniwersitetiniň arheologlary Karakolda (Beliz) maýalaryň bu gadymy şäheriniň ilkinji hökümdary we onuň şa nesilşalygynyň esaslandyryjysy Te Kaab Çaagyň mazaryny tapdylar.

Bu Merkezi Amerikanyň döwleti bolan Belizdäki iň uly maýa arheologik ýadygärliginde 40 ýyldan gowrak wagtlap geçirilen barlagda tapylan ilkinji şa mazarydyr. Gazuw-agtaryş işlerine Beliziň Arheologiýa institutynyň gatnaşmagynda Hýuston uniwersitetinden Arlen bilen Diana Çeýz ýolbaşçylyk edýär.
Te Kaab Çaak b.e. öň 331-nji ýylda tagta çykdy. Onuň jesedi maşgala mazarlygynyň eteginde jaýlandy. Mazarda on bir sany keramiki gap-gaç, oýma süňk turbalary, deňiz balykgulaklary, nefrit monjuklary we mozaikaly nefritden ölüm maskasy bar.

Gaplaryň käbiri sahnalar bilen bezelipdir: birinde maýanyň hökümdary naýzaly şekillendirilen, sadakalary kabul edip dur, beýlekisinde - söwdagärleriň hudaýy Ek Çua sowgatlar bilen gurşalan görnüşde şekillendirilen. Dört sany palçykdan ýasalan gap-gaçlaryň ýüzünde baglanan ýesirler şekillendirilen.

Arheologlaryň baha bermegine görä, hökümdar garrap ýogalypdyr we boýy takmynan 170 sm bolupdyr. Ol ölen wagty dişleri ýok eken. Onuň esaslandyran nesilşalygy 460 ýyldan gowrak dowam edipdir.
Mazar takmynan b.e. 350-nji ýyllaryna degişlidir, bu Karakolyň merkezi Meksikada 1200 km töweregi uzaklykda ýerleşen Teotiuakan şäheri bilen ilkinji gezek duşuşan wagtyna gabat gelýär. B.e. 300-nji ýylyna gabat Teotiuakan sebitdäki esasy söwda merkezi bolupdyr.


22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......