Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 118 müň dollardan geçdi

  • 11.07.2025 11:30
  • 5.3k+

Bitkoiniň bahasy taryhda iň ýokary derejesine ýetip, ilkinji gezek 118 müň dollardan geçdi. Coindesk kriptobiržasynyň beren maglumatlaryna görä, bitkoin häzir Aşgabat wagty bilen sagat 11:00-da kriptowalýutanyň bahasy 118 270 dollara çenli ýokarlandy. Ösüş ýene-de dowam edýär.

Bu ösüş, aprelde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň söwda paçlaryny girizjekdigi baradaky beýanatyndan soň, gazna bazarlarynyň pese gaçmagy bilen, bitkoiniň bahasynyň $75 müňden hem aşak düşen döwründen soňky dikelişiň dowamydyr. Şol pes baha 2025-nji ýylyň iň pes derejesi hökmünde galýar.
Aprel aýyndaky çökgünlikden soň, bitkoin tiz depginde dikeldi. Maý aýynyň 22-sinde ýylyň başyndan bäri ilkinji gezek bitkoin $110 müňden geçip, $111 313 derejesine ýetdi. Şondan bäri bolsa onuň ösüşi esasan ýokarlanmagyny dowam edýär.
Häzirki wagtda bitkoiniň bazar kapitallaşdyrylyşy, takmynan, $2,35 trilliona deňdir. Bu görkeziji Tesla we Alphabet ýaly kompaniýalaryň bazar bahasyndan ýokary bolup, diňe Microsoft, Apple, Amazon we Nvidia ýaly dört kompaniýadan pesdir.
Şeýle-de belläp geçsek, 2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşiniň netijesinde Nvidia dünýäde ilkinji bolup bazar bahasy $4 trilliona ýeten kompaniýa boldy. Bu bolsa häzirki wagtda $3,6 trillion diýlip bahalandyrylýan bütin kriptowalýuta bazarynyň jemi gymmatyndan hem ýokarydyr.


06.02.2026 09:27
2.5k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.2k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...